Maýkl Jekson baradaky biografik film prokatda $1 milliarddan gowrak girdeji gazandy

Şu gün, 09:242,263

Meşhur aýdymçy Maýkl Jeksonyň durmuşy we döredijiligi barada gürrüň berýän «Maýkl» biografik filmi dünýä prokatynda 1 milliard dollarlyk sepgitden geçdi.

23-nji aprelde ekranlara çykan bu film resmi taýdan Lionsgate studiýasynyň taryhynda iň girdejili taslama we kinematografiýa taryhynda iň köp kassa ýygymyny toplan baýopik hökmünde ykrar edildi diýip, «Variety» neşiri habar berýär.

Filmiň sýužeti aýdymçynyň durmuşynyň esasy tapgyrlaryny — «Jackson 5» maşgala toparyna gatnaşmagyndan başlap, pop-aýdym-sazynyň şasy derejesine ýetmegine çenli bolan döwri öz içine alýar. Şol bir wagtyň özünde, aýdymçynyň durmuşyndaky iň dawaly we garaňky pursatlaryň sýužetde ünsden düşürilendigi sebäpli, film uly tankytlara sezewar boldy.

Taslamada baş keşbi aýdymçynyň öz ýegeni Jaafar Jekson ýerine ýetirdi.

Amerikan kinoteatrlarynda bu film 371,8 million dollar gazandy, halkara prokaty bolsa ýene-de 629,8 million dollar girdeji getirdi. Gyzykly ýeri, diňe ilkinji dynç günlerinde film ägirt uly mukdar — 314 million dollar toplamagy başardy.

Şeýle netijeler bilen «Maýkl» öňki rekordçylardan öňe geçdi:

  • Ol «Queen» topary baradaky we uzak wagtlap 911 million dollar ýygym bilen aýdym-saz baýopikleriniň arasynda öňdeligi saklap gelen «Bogema rapsodiýasy» (2018-nji ýyl) filminden öňe geçdi.
  • Görnükli şahsyýet barada iň üstünlikli biografik film bolan we 975 million dollar gazanan «Oppengeýmer» (2023-nji ýyl) filmi hem yzda galdy.
  • Lionsgate studiýasynyň öz içinde bolsa «Maýkl» 865 million dollar netije görkezen «Açlyk oýunlary: Alaw bolar» (2013-nji ýyl) filmini birinji orundan gysyp çykardy.

Belläp geçsek, şu ýylda «Maýkldan» başga diňe Universal kompaniýasynyň 1,008 milliard dollar toplan «Super Mario: Galaktika kinosy» animasiýa filmi milliardlyk sepgitden geçip bildi.

Disney studiýasynyň «Oýnawaçlaryň hekaýaty 5» multfilminiň hasabynda bolsa häzirki wagtda 879,1 million dollar bar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.