Portugaliýanyň merkezi böleginde ýerleşýän Kaldas-da-Rainýa şäherinde norowirus ýokanjyna uçranlaryň sanynyň 122-ä ýetendigi resmi taýdan tassyklanyldy. Bu wirus örän ýokaşagan bolup, gaýtarmak we içgeçme ýaly alamatlar bilen geçýän ýiti aşgazan-içege sowuklamasyna sebäp bolýar.
Näsaglaryň agramly bölegi 24-nji iýun we 8-nji iýul aralygynda geçirilen halkara ýetginjekler futbol ýaryşynyň gatnaşyjylary hem-de myhmanlarydyr. Bu çäre Footmania kompaniýasy tarapyndan Kaldas-da-Rainýa we Obidus sebitlerinde guraldy. Häzirki wagtda ýüze çykarylan wakalaryň takmynan 80-si göni şu ýaryş bilen baglanyşdyrylýar.
Mundan öň ýerli tiz kömek bölümine 60-dan gowrak adam ýüz tutupdy. Näsaglar aşakdaky ýaly adaty ýokanç alamatlaryndan şikaýat etdiler:
- Gaýtarmak we ýürek bulanmak;
- Içgeçme;
- Gyzdyrmak (temperatura);
- Garyn we kelle agyrysy.
Doktor Rikardo Horhe adyndaky Milli saglygy goraýyş institutynyň hünärmenleri tarapyndan geçirilen barlaghana seljermeleri bu keseliň ýaýramagyna II topar norowirusyň (genotop II) sebäp bolandygyny tassyklady.
Ilkinji näsaglar ýüze çykandan soňra, saglygy goraýyş edaralary Azyk we ykdysady howpsuzlyk müdiriýeti bilen bilelikde ýaryşda iýmit üpjünçiligini guran kompaniýada barlag geçirmäge başladylar. Hünärmenler barlag üçin azyk önümlerinden we dürli ýüzlerden nusgalar aldylar. Häzirki wagtda wirusyň iýmit arkaly ýokaşandygyna degişli hiç hili subutnama tapylmady. Wakanyň sebäplerini anyklamak boýunça derňew işleri dowam edýär.
Saglygy goraýyş hünärmenleri norowirusyň adamdan adama, hapalanan ýüzler arkaly, şeýle hem hapalanan suwy ýa-da iýmitleri (aýratyn-da, ýuwulmadyk gök önümleri we çig deňiz önümlerini) iýmek arkaly ýokup biljekdigini belleýärler.
Mundan öň degişli edara adatça tomus yssysynyň, köpçülikleýin çäreleriň, suwa düşmegiň we syýahatlaryň şeýle ýokanç keselleriň ýaýramak töwekgelligini artdyrýandygyny duýdurypdy. Şuňa meňzeş waka maý aýynda içi 1700 ýolagçyly «Ambition» syýahatçylyk gämisinde hem bolup geçipdi. Şonda gämi norowirusyň ýokuşmagy sebäpli Fransiýanyň Bordo şäherinde gözegçilik astyna alynmaly bolupdy.