SpaceX kompaniýasy Starship aşa agyr raketa ulgamynyň 13-nji synag uçuşynyň 16-njy iýulda geçiriljekdigini yglan etdi. Ilkinji gezek kosmos gämisi uçuşa peýdaly ýük — 20 sany täze nesil Starlink emeli hemrasy bilen ugrar.
Tehasdaky Starbase kosmodromynda uçuş penjiresi ýerli wagt boýunça sagat 17:45-de (Aşgabat wagty boýunça 17-nji iýulda sagat 03:45-de) açylar. Bu missiýada Ship 40 kosmos gämisi we Booster 20 tizleşdirijisi ulanylar. Döwrebaplaşdyrylan Starship V3 görnüşi üçin bu ikinji synag uçuşy bolar.
Flight 13 maksatnamasy köp babatda öňki missiýany gaýtalar we 22-nji maýda geçirilen uçuş wagtynda ýüze çykarylan näsazlyklary aradan aýyrmaga gönükdiriler. Şonda Raptor hereketlendirijilerini gaýtadan işe girizmekde ýüze çykan bökdençlikler Super Heavy tizleşdirijisine bellenilen asuda gonuş zolagyna ýetmäge mümkinçilik bermändi.
Täze synag üçin SpaceX basgançaklar aýrylan wagty hereketlendirijileri işe girizmegiň yzygiderliligini üýtgetdi, tizleşdirijiniň enjamlaryny döwrebaplaşdyrdy we duýduryş hem-de heläkçilikli ýagdaýda hereketlendirijileri öçürmek algoritmlerine düzediş girizdi. Kompaniýa basgançaklaryň kadaly aýrylmagyny üpjün etmek, Meksika aýlagynda tizleşdirijiniň dolandyrylýan asuda gonuşyny gazanmak, kosmosda bir Raptor hereketlendirijisini gaýtadan işe girizmek, atmosfera giren wagty ýylylyk goragyny synagdan geçirmek, gäminiň Hindi ummanyna asuda gonmagyny amala aşyrmak ýaly wezipeleri ýerine ýetirmegi göz öňünde tutýar.
Gäminiň bortunda ilkinji gezek agramy 2,5 tonna çenli bolan, doly işleýän 20 sany Starlink V3 hemrasy bolar. Uçuşyň suborbital traektoriýa boýunça amala aşyryljakdygy sebäpli, aýrylanlaryndan soň, enjamlar atmosfera girip ýanar.