«Nägehanlar dynç alyşda» multfilminiň bäşinji bölümi çykarylar

Şu gün, 10:31880

Sony we Amazon MGM kompaniýalary «Nägehanlar dynç alyşda» animasiýa franşizasynyň bäşinji bölüminiň üstünde işlenilip başlanandygyny mälim etdi. Multfilmiň premýerasy 2027-nji ýylyň 8-nji oktýabryna meýilleşdirildi.

Geljekki taslama «The Haunting of Hotel Transylvania» diýlip atlandyrylar. Sýužet boýunça Drakula, onuň gyzy Meýbel we beýleki gahrymanlar «Transilwaniýa» myhmanhanasyndaky syrly wakalary derňär hem-de geçmişiň arwahlaryndan haýsysynyň myhmanlara hüjüm edýändigini anyklar.

«Nägehanlar dynç alyşda: Transformaniýa» atly dördünji bölümiň üstünde işlän Jennifer Kluska we Alan Houkins ýene-de multfilmiň režissýorlary bolar.

Bu tapgyryň ilkinji bölümi 2012-nji ýylda ekranlara çykypdy. Franşizanyň hereket eden döwründe filmler dünýä prokatynda jemi 1,38 milliard dollar gazandy. Dürli ýyllarda esasy gahrymanlara Adam Sendler, Selena Gomes we Endi Semberg ses berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.