Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty 2026-2027-nji okuw ýylynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň VI möwsüminiň başlanýandygyny yglan etdi. Oňa gatnaşmaga ýurduň umumybilim berýän mekdepleriniň 10–12-nji synp okuwçylary çagyrylýar.
Institutda döredilen Ýaş diplomatlar mekdebi tarapyndan guralýan bu bäsleşik Türkmenistanyň taryhy, milli diplomatik mekdebiň kemala gelşi, şeýle hem döwletiň içeri we daşary syýasaty bilen gyzyklanýan ýokary synp okuwçylaryna gönükdirilendir.
Gatnaşyjylary saýlap almaklyk 9-njy sentýabrda geçiriljek ýazmaça test synagy bilen başlar. Bu synag aşakdaky ugurlar boýunça 100 soragy, şeýle hem logiki we IQ (akyl-paýhas) soraglaryny öz içine alar:
- Türkmenistanyň taryhy we dünýä taryhy;
- Türkmenistanyň medeni mirasy we dünýä medeniýeti;
- Iňlis we rus dili dersleri.
Testiň netijeleri boýunça täze möwsümiň gatnaşyjylarynyň düzümi kesgitlener.
Bäsleşigiň VI möwsümi «Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty: parahatçylygyň we adamzat ösüşiniň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» şygary astynda geçiriler.
Bäsleşige gatnaşmak üçin şahsy maglumatlary, gazanylan üstünlikleri, dil taýýarlygy hem-de goşmaça gyzyklanmalary baradaky maglumatlary özünde jemleýän anketany 5-nji sentýabra çenli parahatchylygynchaparlary@gmail.com elektron salgysyna ibermeli.
Arzany resmileşdirmek boýunça jikme-jik talaplar we bäsleşik baradaky beýleki maglumatlar institutyň resmi saýtynda ýerleşdirildi.