Warner Bros. kompaniýasy Robert Pattinsonyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde çykjak «Betmen 2» filminiň premýerasyny ýene-de yza süýşürdi. Indi film 2028-nji ýylyň 18-nji fewralynda bütindünýä prokatyna çykar. Mundan ozal onuň relizi 2027-nji ýylyň oktýabr aýyna meýilleşdirilipdi.
Aslynda, filmiň dowamyny 2026-njy ýylyň oktýabrynda çykarmak göz öňünde tutulypdy, ýöne bu möhletler birnäçe gezek üýtgedildi. Soňky gezek yza süýşürilme studiýanyň relizler tertibiniň täzelenmegi bilen baglanyşykly boldy. Hususan-da, Jeý Jeý Abramsyň Glen Pauell we Jenna Ortega bilen «O dünýä» (Потусторонний мир) fantastik filmi 2027-nji ýylyň 1-nji oktýabryna geçirildi, şondan soň «Betmen 2» filminiň hem çykjak senesi üýtgedi.
Premýeranyň yza süýşürilmegine garamazdan, filmiň önümçilik işleri doly depginde dowam edýär. Režissýor Mett Riwz düşüriliş meýdançasyndan ilkinji gezek synag kadrlaryny görkezdi, onda Robert Pattinson ýene-de Betmeniň keşbinde görünýär.
Filmiň ikinji böleginiň sýužeti häzirlikçe mälim edilmeýär. Ýöne aktýorlaryň düzümine Skarlett Ýohanssonyň, Sebastian Steniň, Çarlz Densiň, Braýan Taýri Genriniň we Sebastian Kohuň goşulandygy belli.
«Betmeniň» birinji bölümi 2022-nji ýylyň martynda ekranlara çykypdy. Eger täze bellenilen sene üýtgemän galsa, onda iki filmiň premýerasynyň arasynda tas alty ýyl geçdigi bolar.