«Oýunjaklaryň taryhy» franşizasy dünýä ýkdysadyýetine 50 milliard dollardan gowrak girdeji getirdi

Şu gün, 13:43847

Walt Disney kompaniýasynyň sargyt etmegi netijesinde Steward Redqueen konsalting kompaniýasynyň geçiren barlaglary «Oýunjaklaryň taryhy» franşizasynyň 31 ýylyň içinde dünýä ykdysadyýetine takmynan 51 milliard dollar goşmaça girdeji getirendigini görkezdi.

Maglumata görä, bu ägirt uly ykdysady täsir iň köp söwda we hyzmatdaşlyk ulgamlaryna düşdi. Şeýle hem, syýahatçylyk, önümçilik we göwün açyş pudaklarynda-da örän uly oňyn ösüşler hasaba alyndy.

Şu wagta çenli bu taslama diňe Walt Disney kompaniýasynyň özüne kinematografiýa petekleriniň satylmagy, dürli oýunjak-ýadygärlik önümleri we filmleri öýde tomaşa etmek üçin çykarylan rugsatnamalar arkaly 16,2 milliard dollar girdeji getirdi. Kinostudiýa «Oýunjaklaryň taryhy» taslamasyny özüniň otuz ýyldan gowrak wagt bäri meşhurlygyny ýitirmän gelýän iň şowly we iň girdejili animasiýa franşizasy diýip atlandyrdy.

Multfilmleriň dürli ýyllardaky girdejileri we görkezijileri örän gyzykly ýagdaýda emele geldi. Bu meşhur tapgyryň iň ilkinji multfilmi bolan 1-nji bölüm 1995-nji ýylda ekranlara çykdy we gysga wagtda bütindünýä prokatynda 375 million dollar ýaly uly girdejini gazandy. Ýuwaş-ýuwaş taslamanyň girdejisi has-da ýokarlanyp, 2019-njy ýylda tomaşaçylara ýetirilen 4-nji bölüm häzirki wagta çenli iň köp girdeji getiren ekran eseri bolmagyny dowam edýär. Ol dünýä boýunça jemi 1,071 milliard dollar kassa girdejisini toplamagy başardy. Ýakyn wagtda, ýagny 2026-njy ýylda ekranlara çykan täze bäşinji bölüm bolsa, bütindünýä prokatynyň diňe ilkinji aýynda eýýäm 884 million dollar toplap, örän uly sepgide ýetdi.

Geljekki meýillere seredeniňde, Disney kompaniýasy bu rowaýata öwrülen taslamanyň entek tamamlanmajakdygyny we janköýerleriň söýgüsini göz öňünde tutup, geljekde franşizanyň dowamy hökmünde altynjy filmiň hem surata düşürilip bilinjekdigini aradan aýyrmaýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.