Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom sebitiniň çäginde paleontologlar şu güne çenli Ýer şarynda tapylan iň gadymy ýantar daşlaryny ýüze çykardylar.
Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Nankin geologiýa we paleontologiýa institutynyň professory Wan Bonuň ýolbaşçylygyndaky halkara alymlar topary bu uly açyş barada Science Advances atly ylmy žurnalda habar berdi.
Arheologik gazuw-agtaryş işleri Hytaý bilen Gazagystanyň serhedinde ýerleşýän Hoboksar obasynyň golaýynda geçirildi.
Tapylan ýantar mundan takmynan 385 million ýyl ozal, ýagny dewon döwrüniň ahyrlarynda agaç şepbiginiň gatamagy netijesinde emele gelipdir. Bu tapyndynyň ýaşy mundan öň dünýäde iň gadymy hasaplanyp gelen ýantar daşlaryndan azyndan 65 million ýyl uludyr.
Paleontologlaryň bellemegine görä, tapylan ýantaryň himiki düzümi häzirki zaman iňňe ýaprakly agaçlaryň şepbigine gaty meňzeşdir. Bu bolsa Ýer ýüzündäki ilkinji damarly ösümlikleriň entek dewon döwrüniň ortalarynda-da agaç şepbiginiň esasy maddalaryny öndürmegi başarandygyny görkezýär.
Şeýlelikde, bu açyş agaçlaryň öz şikes ýeten we zeper degen ýerlerini goramak üçin ýörite gorag şepbigini bölüp çykarmak ukybyny daşkömür döwründe, entek tutuş Ýer şaryna doly ýaýramazlaryndan has öň ösdürip başlandyklaryny subut edýär.