ABŞ-nyň Zikgehanasy Trampyň şekili bilen ýadygärlik teňňe zikgeläp başlady

Düýn, 16:352,281

ABŞ-nyň Maliýe ministrligi ozalky we häzirki Prezident Donald Trampyň keşbi şekillendirilen täze bir dollarlyk teňňeleriň zikgelenip başlanandygyny resmi taýdan yglan etdi. Bu barada ýurduň Maliýe ministri Skott Bessent habar berdi.

Maliýe ministrliginiň ýolbaşçysynyň sözlerine görä, bu teňňe watançylygyň we azatlyk mirasynyň nyşanydyr. Ministr bu hakda öz beýanatynda şeýle diýdi:

– Bu teňňe özünde Donald Trampyň portretini götermek bilen, amerikan gymmatlyklarynyň güýjüni we ählumumy azatlygy goramaga çalyşýan milletimiziň wesýetlerini dabaralandyrýar.

ABŞ-nyň Federal sungat işleri boýunça komissiýasy bu teňňäniň çykaryljagyny mart aýynda tassyklapdy. Şol wagt hödürlenen ilkinji taslama teňňäniň häzirki taýýar bolan soňky görnüşinden ep-esli tapawutlanýar.

Teňňäniň ýüz tarapynda, Donald Trampyň gapdaldan düşen portreti goýlup, şol bir wagtda onda «LIBERTY» (Azatlyk), «IN GOD WE TRUST» (Hudaýa bil baglaýarys) diýen ýazgylar we ABŞ-nyň garaşsyzlygynyň 250 ýyllyk ýubileýini aňladýan «1776-2026» ýyllary ýerleşýär.

Teňňäniň arka tarapynda ABŞ-nyň uly döwlet möhri şekillendirilip, onuň üstünde ak kelleli bürgüt, galkan, zeýtun şahasy we oklar ýerleşdirilendir. Şeýle hem arka tarapda «UNITED STATES OF AMERICA» ýazgysy, puluň nominal bahasy bolan «ONE DOLLAR» (Bir dollar) we baýramçylyk dabaralaryny alamatlandyrýan «250» ýubileý belgisi ýazylgy. Metal düzümi marganes we latun goşulan mis-nikel gatyşygyndan taýýarlanylan bu teňňe ABŞ-nyň gündelik dolanyşykda ýöreýän adaty bir dollarlyk teňňeleriniň metal düzümi bilen bütinleý birmeňzeşdir.

Amerikan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatynda täze ýadygärlik teňňäniň şu ýylyň güýz aýlarynda dolanyşyga goýberiler.

Bu teňňäniň çykarylmagy jemgyýetde we syýasatda eýýäm birnäçe çekişmelere sebäp boldy.

Tankyt meýilli hünärmenler adaty düzgün boýunça amerikan pullarynyň üstünde diri adamlaryň şekilleriniň ýerleşdirilmeýändigini öňe sürdiler. Mysal üçin Maslahat beriş komitetiniň agzasy Donald Skarinçi kanun boýunça häzirki ýa-da ozalky prezidentleriň şekilini olar aradan çykandan soň, azyndan üç ýyl geçmänkä dollar teňňelerinde şekillendirmegiň gadagandygyny ýatlatdy.

Şeýle-de bolsa, Maliýe ministrligi bu çykarylyşyň kanunydygyny ýurduň 250 ýyllygyny baýram etmek baradaky 2020-nji ýylda kabul edilen ýörite kanun arkaly esaslandyrdy. Şeýle hem olar 1926-njy ýylda geçirilen ýubileý dabaralaryna niýetlenen ýadygärlik teňňesiniň ýüzünde şol wagt aýatda diri Prezident Kalwin Kulijiň portretiniň ýerleşdirilmegi bilen bagly öň bar bolan taryhy tejribelere salgylandylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.