Hytaýyň Şençžen şäherinde taryhy waka — gumanoid robotlaryň arasynda garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) düzgünleri boýunça dünýäde ilkinji söweş geçirildi diýip, «Global Times» gazeti habar berýär.
Bu söweş Nanşan medeniýet-sport merkeziniň meýdançasynda boldy we Ultimate Robot Knock-out Legend (URKL) taslamasynyň başlanmagyny alamatlandyrdy. Bu çäre EngineAI kompaniýasy tarapyndan döredilen doly ölçegdäki adamşekilli robotlaryň söweşleri boýunça ilkinji ýaryşdyr.
Çäräniň esasy maksady kompaniýanyň öz önümleriniň – söweşlere gatnaşmaga ukyply bolan doly ölçegdäki T800 android robotynyň mümkinçiliklerini görkezmekden ybarat boldy.
Bu täsin ýaryş uruşly filmleriň meşhur aktýory Donni Ýeniň hem ünsüni çekdi we ol söweşleri görmek üçin ýörite geldi. Meşhur aktýor söweş tamamlanandan soň öz täsirleri bilen paýlaşdy:
«Dogrusyny aytsam, men öň robotlaryň söweşini diňe ylmy-fantastik filmlerde görüpdim. Ýöne şu gün ilkinji gezek ýakyndan hakyky robotlaryň nähili uruşýandygyna tomaşa etdim. Bu taryhy öňegidişlige öz gözüň bilen şaýat bolmak düýbünden başgaça. Maşynlaryň agramy, hereketleriniň takyklygy — bular örän ajaýyp boldy».
Ilkibaşda ýeňiş ugrunda bäsleşmäge on sany döwlete wekilçilik edýän 200-den gowrak topar isleg bildirdi. Onlaýn görnüşdäki saýlama tapgyryndan soň, diňe 32 sany inženerçilik topary finala çykmagy başardy. Ýaryşyň düzgünlerine görä, ähli gatnaşyjylar binýatlyk model hökmünde T800 robotyny ulanmalydy. Şol bir wagtyň özünde toparlar öz maşynlaryna ringde artykmaçlyk bermek üçin özboluşly sowudy taslamaly we tehniki taýdan kämilleşdiriş işlerini geçirmelidi.
«Guangdong News» neşiriniň maglumatyna görä, finalçylaryň arasynda dünýäniň öňdebaryjy ylmy merkezleriniň, şol sanda Sinhua uniwersitetiniň, Çžeszýan we Gonkong uniwersitetleriniň, şeýle hem Stenford we Berklidäki Kaliforniýa uniwersitetiniň wekilleri bar. Bu tehnologik ýaryşyň umumy baýrak gaznasy 10 million ýuana (takmynan, 1,48 million dollar) barabar boldy.