29 döwlet Emeli aň boýunça bütindünýä guramasyny döretdi

Düýn, 15:431,608
1 / 3

29 döwletiň wekilleri Şanhaýda Emeli aň ulgamynda bütindünýä hyzmatdaşlyk guramasyny (WAICO) döretmek baradaky ylalaşyga gol çekdiler. Bu barada Sinhua agentligi habar berýär.

Dabaraly çärä dürli ýurtlaryň we halkara guramalaryň wekilleri, şol sanda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş gatnaşdy.

Gol çekilen resminama görä, WAICO garaşsyz hökümetara gurluş hökmünde iş alyp barar we onuň ştab-kwartirasy Şanhaýda ýerleşer.

Guramanyň esaslandyryjy agza ýurtlarynyň hataryna Hytaý, Braziliýa, Gazagystan, Özbegistan, Indoneziýa, Gyrgyzystan, Malaýziýa, Oman, Belarus, Täjigistan, Russiýa, Kuba, Efiopiýa we Günorta Afrika Respublikasy (GAR) girdi.

WAICO-nyň öz işinde BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerine esaslanjakdygy resmi taýdan mälim edildi. Täze guramanyň ileri tutýan ugurlary ynsan bähbitlerini goramak we emeli aň tehnologiýalaryny ýokary derejede dolandyrmagyň gurluşyny kemala getirmek bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.