Gazagystanyň Oba hojalyk ministri Aýdarbek Saparow ýurduň çägine bugdaý getirmegi wagtlaýyn gadagan edýän buýruga gol çekdi. Bu çäklendirme alty aý möhlet bilen girizilýär we 2026-njy ýylyň 27-nji iýulyndan güýje girer.
Şeýle çürt-kesik çäräniň girizilmegine Daşary söwda syýasaty meseleleri boýunça pudagara komissiýanyň resmi karary esas boldy diýip, Interfaks agentliginiň habar berýär.
Gadagançylyk üçünji ýurtlardan, şeýle hem Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine agza döwletlerden awtomobil, demir ýol we suw ulaglary arkaly amala aşyrylýan üpjünçilige degişlidir. Emma Oba hojalyk ministrligi ygtyýarnamaly elewatorlara, guşçulyk we dänäni gaýtadan işleýän kärhanalara, şeýle hem «Azyk şertnamalaýyn korporasiýasy» milli kompaniýasy» AJ-ne gönümel iberilýän demir ýol gatnawlary üçin kadadan çykma göz öňünde tutdy.
Çäklendirmeler respublikanyň çägi arkaly geçýän üstaşyr demir ýol gatnawlaryna täsir etmeýär.
Oba hojalyk wise-ministri Azat Sultanowyň düşündirişine görä, bu karar ýerli öndürijileri goldamak we olaryň önümleriniň durnukly ýerlenilmegini üpjün etmek zerurlygy bilen baglydyr. Ýagdaý Gazagystanyň özünde öňki ýyllardan galan dänäniň uly gorlarynyň barlygy we goňşy Russiýada güýzlük ekinleriň ýygymyň başlanmagy bilen has-da çylşyrymlaşýar. Onuň belleýşi ýaly, eger içerki bazar höweslendirilmese we täze hasyl üçin elewatorlar boşadylmasa, ýurtda dänäni saklamak we guratmak bilen bagly çynlakaý kynçylyklar ýüze çykar.