Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ene-mamalardan miras galan gadymy keçe sungatyny geljek nesillere ýetirmek we milli gymmatlyklary wagyz etmek maksady bilen, her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen «Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň döwlet tapgyry jemlendi.

Bu çäre Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty tarapyndan guraldy.
Bäsleşigiň döwlet tapgyrynda gatnaşyjylar üç şerti berjaý etmelidi:
- 1-nji şert: Gatnaşyjylar ýüň saýlap almak, boýamak, daramak, pişge ýasamak we keçäniň gamşyny dokamak ýaly işleri ýerine ýetirip, gerekli gurallaryň ulanylyşy hakda gürrüň berdi.
- 2-nji şert: Çeper elli zenanlar öz welaýat aýratynlyklaryna görä, dürli gadymy nagyşlary salyp, keçe gülledi. Boýy 1,5 metr, ini 1 metr bolan keçeler «ak tüýnük», «gyzyl tüýnük», «gözenek», «saýlan» we «gelinbarmak» ýaly nagyşlar bilen bezeldi.
- 3-nji şert: Keçe sungaty bilen bagly rowaýatlar, yrymlar we nagyşlaryň manylary barada täsirli gürrüňler aýdyldy.
Bäsleşigiň dowamynda ahally zenanlar gerekli gurallar, balkanly gatnaşyjylar keçe basmagyň inçelikleri, daşoguzly ussatlar ýüň saýlamak we saýmak, lebaply gelin-gyzlar ýüň daramak we boýamak, maryly zenanlar gamşyň dokalyşy, aşgabatly gatnaşyjylar pişge ýasamak, Arkadag şäherinden bäsdeşler bolsa pişgeden sümek ýasamak barada gürrüň etdi.
Bäsleşige dürli kärlerde, aýratyn-da, bilim, medeniýet we muzeý ulgamynda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdy.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça, baýrakly orunlar şeýle paýlandy:
- Baş baýrak: Balkan welaýatynyň çeper elli zenanlary;
- 1-nji orun: Daşoguz welaýaty;
- 2-nji orun: Arkadag şäheri we Lebap welaýaty;
- 3-nji orun: Aşgabat şäheri, Ahal we Mary welaýatlary.
Ýeňijilere guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.