Rimde 40 ýyldan soň Karl Lagerfeld bilen Fendiniň meşhur sergisi gaýtadan guraldy

Düýn, 15:011,147
1 / 3

Rimdäki Milli döwrebap sungat galereýasynda «After un Percorso di Lavoro. Fendi/Karl Lagerfeld 1985» atly sergi gaýtadan açyldy. Şeýle ekspozisiýa ilkinji gezek 1985-nji ýylda, Karl Lagerfeldiň Fendi moda öýi bilen hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygy mynasybetli görkezilipdi.

Täze sergi asyl taslamany şol durşuna diýen ýaly gaýtalaýar we brendiň taryhyndaky täze tapgyra – Mariýa Grasiýa Kýuriniň Fendi moda öýüniň ýokary moda ugrunyň çeperçilik direktory hökmündäki ilkinji çykyşyna bagyşlanýar.

Bu sergi adaty geçmişe ser salmak bilen çäklenmän, gelýänleri lybaslaryň taýýarlanyş pursatlary bilen hem tanyşdyrýar. Onda dizaýneriň arhiwinden 180-e golaý asyl çyzgylar, köne mata görnüşleri, 50-den gowrak iş planşetleri, modeller we resminamalar görkezilýär. Bular önümleriň ilkinji çyzgylardan başlap, taýyn nusgalara çenli geçýän ýoluny yzarlamaga mümkinçilik berýär.

Karl Lagerfeld Fendi bilen ýarym asyrdan gowrak wagt dowamynda hyzmatdaşlyk etdi we Rimiň bagana-deri atelýesini dünýäniň öňdebaryjy kaşaň brendleriniň birine öwürmekde mazaly täsirini ýetirdi.

Sergi gelip görmek isleýänler üçin 2026-njy ýylyň 25-nji oktýabryna çenli açyk bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.