Alymlar yssy sebäpli näçe sagatlyk uky ýitirilýändigini hasapladylar

Düýn, 10:033,926

Howanyň üýtgemegi zerarly gijeki howanyň hem gyzmagy ýer ýüzüniň ýaşaýjylaryny ýylda ortaça 56 sagat töweregi ukudan galdyrýar. Şeýle netijä gelinmegine Climate Central guramasynyň hünärmenleriniň geçiren barlaglary esas boldy.

Geçirilen ylmy barlaga görä, 2020–2025-nji ýyllar aralygynda yssy howa sebäpli bir adam ýylda ortaça takmynan ýedi gije doly ukusyny ýitirdi. 1970-nji ýyllaryň başy bilen deňeşdirilende, seljerilen 1300-den gowrak şäheriň agramly böleginde ukynyň ýitirilmegi azyndan iki esse ýokarlandy.

Yssynyň uka bolan ýaramaz täsiri has hem Ýakyn Gündogarda we Günorta-Gündogar Aziýada hasaba alyndy. Bu ýerlerde ýaşaýjylar ýylda 55 sagatdan 91 sagada çenli ukusyz galýarlar. Ýewropada bolsa gijeki yssy howa günorta sebitlere has ýiti täsir edýär.

Geçen bäş ýylyň içinde Neapolyň ýaşaýjylary ýylda ortaça 51 sagat, Afinyňky – 45 sagat, Walensiýanyňky – 42 sagat, Lissabon we Marseliňki bolsa – 40 sagat uky ýitirdiler. Yklymyň demirgazyk böleginde bu görkezijiler mazaly pesdir: Edinburgda – 21 sagat, Stokgolm we Helsinkide – 20 sagat, Osloda bolsa –18 sagat.

Ylmy işiň awtorlarynyň belleýşi ýaly, uky bedeniň özüni dikeltmegi üçin örän zerurdyr, gijeki ýokary howa temperaturasy bolsa bu hadysanyň amala aşmagyna uly bökdençlik döredýär. Yzygiderli ukusyzlyk keýpiň bozulmagy, zähmet ukybynyň hem-de pikirleniş derejesiniň peselmegi bilen utgaşýar, şeýle-de ýürek-damar we immun ulgamlarynyň keselleme töwekgelçiligini ýokarlandyrýar.

Maglumatda gijeki yssydan hemmeden köp ejir çekýänleriň 65 ýaşdan uly adamlar, aýallar, yssy sebitleriň hem-de girdejisi ortaçadan aşakda bolan ýurtlaryň ýaşaýjylarydygy aýratyn bellenilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.