Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmengaz» döwlet konsernine we Türkmen döwlet neşirýat gullugyna täze enjamlary satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berýän iki sany Karara gol çekdi.
Resminamalaryň birinjisine görä, «Türkmengaz» döwlet konserni özüne degişli kärhanalar we edaralar üçin zerur bolan tehniki enjamlary satyn almak barada VIETZ GmbH kompaniýasy bilen şertnama baglaşar. Bu çözgüt ýurduň nebit-gaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli berjaý etmek maksady bilen kabul edildi.
Ikinji karar bilen bolsa Türkmen döwlet neşirýat gullugyna Heidelberger Druckmaschinen Eastern Europe GmbH kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Bu resminama gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge we onuň kärhanalarynyň döwrebap önümçilik işini üpjün etmäge gönükdirilendir.
VIETZ GmbH — Germaniýanyň Gannower şäherinde ştab-kwartirasy ýerleşýän, 1976-njy ýylda esaslandyrylan nemes maşyngurluşyk kompaniýasydyr. Ol halkara turba geçirijileriniň (gaz, nebit we suw geçirijileri) gurluşygy, hyzmaty we abatlaýyş işleri üçin ýöriteleşdirilen enjamlary işläp taýýarlamak we öndürmek bilen meşgullanýar.
Heidelberger Druckmaschinen Eastern Europe GmbH bolsa dünýä belli nemes konserni Heidelberger Druckmaschinen AG-yň Awstriýadaky şahamçasydyr. Onuň esasy kompaniýasy bolan Heidelberg poligrafiýa enjamlaryny öndürmekde dünýäde öňdebaryjy hasaplanýar. Ol çap maşynlaryny (ofset, sanly we fleksografik), şeýle-de çapa çenli taýýarlyk ulgamlaryny we programmalaýyn üpjünçiligi çykarmaga ýöriteleşendir.