Birža söwdalarynda bahasy $369 müňden gowrak bolan 13 geleşik hasaba alyndy

Düýn, 18:361,296

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär.

Daşary ýurt puluna Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldy. Mundan başga-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Türkiýäniň telekeçilerine dokma önümleriniň dürli görnüşleri hem-de nah matalar ýerlenildi. Daşary ýurt pulundaky geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen polipropileni, şeýle-de pagta ýagyny, nah matalary, pagta süýümini we pagtany gaýtadan işlemegiň galyndylaryny satyn aldy. Geleşikleriň jemi bahasy 60 million 653 müň manatdan gowrak boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.