Režissýor Kristofer Nolanyň «Odisseýa» filmi dünýä kinoteatrlarynda görkezilip başlanan ilkinji dynç günlerinde 264,1 million dollar girdeji gazandy. Bu ekran eseri režissýoryň filmografiýasyndaky iň şowly we uly başlangyç hökmünde taryha girdi.
Film Demirgazyk Amerikada 124,5 million dollar, dünýäniň beýleki ýurtlaryndaky görkezilişlerde bolsa ýene 139,6 million dollar girdeji getirdi. Nolanyň karýerasyndaky mundan öňki rekord 2012-nji ýylda ilkinji dynç günlerinde 249 million dollar gazanan «Gara rysar: Rowaýatynyň galkynyşy» filmine degişlidi.
«Odisseýanyň» önümçilik býujeti 250 million dollara barabardyr.
Filmiň dünýä premýerasy 16-njy iyulda boldy we ol bir wagtda 73 ýurtda ekrana çykdy. Kinonyň sýujeti Gomeriň adybir poemasyna esaslanyp, onda Itaka patyşasy Odisseýiň Troýa urşundan soň öz öýüne dolanyp barşy barada gürrüň berilýär.
Filmdäki baş rollary Mett Deýmon, Tom Holland, Zendaýa, Enn Heteueý, Robert Pattinson, Lupita Niongo we Şarliz Teron ýaly meşhur aktýorlar ýerine ýetirdiler.