Iň gowy dizaýnerler üçin baýrak: GDA-da Döredijilik ykdysadyýetiniň günleri geçiriler

Düýn, 01:062,134
1 / 2

2026-njy ýylyň 28-30-njy oktýabry aralygynda «Moda arkalaşygy» halkara forumynyň dowamy boljak Döredijilik ykdysadyýetiň günleri geçiriler. Bu çäre pudagyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak, tejribe alyşmak we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin GDA-nyň biznes wekillerini, döwlet edaralaryny, bilim edaralaryny, ösüş institutlaryny hem-de hünärmenler bileleşigini bir ýere jemlär.

Hünärmenler we zehinler üçin ýörite baýrak

Taslamanyň çäginde ýörite baýrak döredildi. Oňa eşik, aýakgap we aksessuarlary döredýän hem-de döredijilik ugruny ösdürýän dizaýnerler, önümçilik ýolbaşçylary, şeýle-de degişli ugurdaky okuw mekdepleriniň talyplary we mugallymlary dalaş edip biler.

Bäsleşigiň saýlama tapgyry 2026-njy ýylyň 20-nji iýulyndan 5-nji oktýabryna çenli dowam eder. Arzalary 2026-njy ýylyň 30-njy sentýabryna çenli «Moda arkalaşygy» taslamasynyň resmi saýtynda tabşyryp bolýar.

Nominasiýalar we baha ölçegleri

Hünärmenlerden ybarat eminler topary alty sany esasy ugur boýunça ýeňijileri kesgitlär:

  • Innowasion önümçilik;
  • Ýylyň dizaýneri;
  • Ýeňil senagat we moda pudagy ulgamyndaky magaryf taslamasy;
  • Sagdyn moda ulgamyndaky taslama;
  • Ýeňil senagat ulgamyndaky iş beriji;
  • Iň gowy talyp taslamasy.

Goşmaça ýene-de iki sany ýörite nominasiýa tassyklanyldy: halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan goşandy üçin we iň gowy sosial taslama üçin.

Her kategoriýa üçin degişli baha ölçegleri işlenip düzüldi. Mysal üçin, «Ýylyň dizaýneri» nominasiýasynda bilermenler kolleksiýanyň özboluşlylygyna we çeperçilik gymmatlygyna, çözgütleriň döwrebaplygyna, trendlere laýyk gelşine, şeýle hem taýýarlanylyş hiline we aýratynlyklaryna baha berer.

Maksatlary we esasy wezipeleri

Baýragyň baş maksady — GDA ýurtlarynda innowasiýalary ornaşdyrýan we ýeňil senagatyň geljegini kemala getirýän hünärmenleri goldamakdan ybarat. Aýratyn üns ýaş zehinlere berilýär: taslama olaryň ukyplaryny açmaga, döwrebap dizaýny öňe sürmäge we halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam etmäge gönükdirilendir.

Döredijilik ykdysadyýetiniň günlerine gatnaşmak üçin hasaba alyş işlerini 2026-njy ýylyň 23-nji oktýabryna çenli şu salgylanma arkaly amala aşyrmak mümkin.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.