ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Kanadadan getirilýän birnäçe harytlara 50% möçberinde goşmaça gümrük paçlaryny belledi. Bu barada Ak öýüň resmi saýtynda yglan edildi.
Çäklendirmeler harytlaryň giň toplumyna – çakyrdan başlap, hokkeý taýaklaryna we sement çenli täsir eder. Şol bir wagtyň özünde täze salgyt energiýa göterijilere, kaliý goşundylaryna, balyklara, seýrek duş gelýän metallara, şeýle hem öň gümrük paçlary girizilen harytlara degişli bolmaz. Bu paçlar Kanada importynyň uly bölegine täsir eder diýip, Associated Press agentliginde bellenilýär.
Reuters-iň maglumatlaryna görä, gürrüň umumy bahasy 20 milliard dollara deň bolan önümler barada gidýär. Ak öýde bu karary Kanadanyň ABŞ-dan gelýän harytlara garşy «alagöz çemeleşmesine» berlen jogap hökmünde düşündirdiler. Tramp döwlet baştutanyna Kongresiň razylygy bolmazdan daşary ýurt önümlerine gümrük paçlaryny (salgytlaryny) girizmäge mümkinçilik berýän 1930-njy ýylyň «Gümrük paçlary hakyndaky kanunyna» salgylandy. Donald Tramp 2025-nji ýylda özüniň ikinji prezidentlik möhletine başlan günlerinden 180 sany ýurda we çäklere garşy söwda paçlaryny yglan edipdi. Kanadadan getirilýän käbir önümler üçin paç möçberi ilkibaşda 25% diýlip bellenildi, emma iki ýurduň ýakyn gatnaşyklaryna garamazdan, soňra bu görkeziji 35%-e çenli ýokarlandyryldy.
2026-njy ýylyň fewralynda ABŞ-nyň Ýokary kazyýeti Trampyň IEEPA (Halkara adatdan daşary ykdysady ygtyýarlyklar hakyndaky kanun) kanunynyň çägindäki hukuklarynyň şeýle çäreleri geçirmäge ýeterlik däldigini öňe sürdi we onuň bu kararyny kanun bozma diýip ykrar etdi. Prezident kazyýetiň bu kararyny «masgaraçylyk» diýip atlandyrdy hem-da eýýäm 1974-nji ýylyň «Söwda hakyndaky kanunyna» daýanyp, daşardan getirilýän ähli import harytlaryna täze gümrük paçlaryny girizmegiň nobatdaky tapgyryny yglan etdi.