Beýik Britaniýa kagyzdan ýüz öwrüp, dolulygyna elektron wiza geçdi

Düýn, 19:192,194

Beýik Britaniýa fiziki wiza resminamalaryny elektron wizalar (eVisa) bilen doly çalşyp, sanly immigrasiýa ulgamyna geçişi tamamlady.

Ýurduň hökümetiniň habar bermegine görä, Beýik Britaniýanyň Immigrasiýa müdirligi (UKVI) mundan beýläk arza berijileriň pasportlaryna wiza stikerlerini ýelmemeýär. Indi ähli täze wizalar diňe elektron görnüşde resmileşdirilýär. Ulgam 2018-nji ýyldan bäri hereket edip gelýär we bu döwrüň dowamynda ondan millionlarça adam peýdalandy.

Häkimiýet elektron wizalary ýitirmegiň, ogurlatmagyň ýa-da galp ýasamagyň mümkin däldigini belleýär. Mundan başga-da, sanly format serhetden geçilende, şeýle hem iş berijiler we kärendesine berijiler bilen özara hyzmatdaşlykda immigrasiýa statusyny has çalt tassyklamaga mümkinçilik berýär.

Ýurda girmäge rugsady alandan soň, arza berijilere elektron wizanyň gapdalyndan ýörite forma (FAV) berilýär, resmileşdiriş tapgyryny tamamlamak üçin şol forma bilen wiza merkezine barmaly bolýar. Beýik Britaniýa sapar etmezden öň eVisa eýelerine UKVI-däki şahsy kabinetine girip, öz wizalarynyň ýagdaýyny barlamak maslahat berilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.