Puerto-Rikonyň demirgazyk kenarynda, Atlantik ummanynda 1952-nji ýylyň 11-nji aprelinde Nýu-Ýorka uçuş amala aşyrýan wagty heläkçilige uçran Pan American awiakompaniýasynyň uçarynyň galyndylary tapyldy. Bu barada CNN teleýaýlymy «Air/Sea Heritage Foundation» gaznasynyň metbugat beýanatyna salgylanyp habar berýär.
Uçaryň galyndylary iýun aýynda tapylan hem bolsa, bu barada diňe indi habar berildi.

Ummanyň düýbünde «Clipper Endeavor» uçarynyň galyndylarynyň mozaika görnüşindäki suraty
Edil şu pajyga sebäpli awiasiýa pudagynda ýolagçylar üçin uçuşdan öň suwa mejbury gonulanda näme etmelidigi baradaky düşündiriş girizildi. 1952-nji ýyldaky heläkçilik derňelenden soň, ABŞ-nyň Raýat awiasiýasy müdirligi häzir hem bar kadalary has-da berkitdi we awiakompaniýalar halas ediş geýimlerini görkezmäge, ewakuasiýa düzgünlerini düşündirmäge we heläkçilik wagtndaky çykalgalarynyň nirede ýerleşýändigini görkezmäge borçly edildi.
Uçar asmana galandan birnäçe minut geçensoň, onuň sag tarapdaky iki hereketlendirijisi hatardan çykdy we uçarman suwuň üstüne gyssagly we örän çetin gonuşy amala aşyrdy. Şowly gonandygyna garamazdan, laýner üç minuda-da ýetmän suwa çümdi. Bortdaky 69 adamdan (64 ýolagçy we 6 ekipaž agzasy) diňe 17 adama halas bolmak başartdy. Bortda halas ediş geýimleri we çişirilýän gaýyklar bar hem bolsa, turan dowul, guramaçylygyň ýoklugy, şeýle-de dil päsgelçiligi sebäpli ýolagçylaryň köpüsi olardan peýdalanyp bilmediler.
Heläkçilik bolan ýerinde heläk bolanlaryň süňk galyndylary galan bolmagyndan ätiýaç edp, «Air/Sea Heritage Foundation» gaznasy uçaryň galyndylaryny suwdan çykarmak meýilnamasyndan el çekdi, Häzirki wagtda gurama heläkçilik bolan ýeriň goragyny berkitmek we pida bolanlaryň hatyrasyna ýadygärlik toplumyny döretmek üçin Puerto-Rikonyň häkimiýetleri bilen hyzmatdaşlyk edýär.