Prime Video kompaniýasy «Robokop» serialynyň önümçiligine resmi taýdan başlady. Ilkinji möwsüm sekiz bölümden ybarat bolar we Pol Werhoweniň 1987-nji ýyldaky adybir filminden başlanan franşizany dowam etdirer.
Sýužete görä, iri tehnologik korporasiýa şäher häkimligini gahryman hasap edilýän polisiýa ofiseriniň beýnisi ýerleşdirilen roboty polisiýa gullugyna kabul etmäge ynandyrýar. Ilkinji filmde bolşy ýaly, serial «korporatiw gysgançlyk», tehnologiýalaryň täsiri we «robotlary polisiýa işine goşmagyň düşnüksiz taslamalary» ýaly temalara ýüzlenýär.
Taslamanyň şouranneri we ssenariýaçysy hökmünde «Gara sanaw», «Loža 49» we «Ofis» seriallarynda işlän Piter Okko çykyş eder. Prodýuserleriň arasynda bolsa «Byçgy», «Äht» we «Akwamen» filmleri bilen tanalýan Džeýms Wan bar. Şeýle hem «Robokop» filminiň asyl nusgasynyň ssenariýaçysy Ed Noýmaýer hem taslama goşuldy.
Wan serialyň üstünde işlemegiň öňden edip gelýän arzuwydyklaryny belleýär:
– Pol Werhoweniň 1987-nji ýylda döreden zady öz wagtyndan on ýyl dagy öňe gidipdi. Tehnologiýalar, şahsyýet we korporasiýalaryň hakykatda kime gulluk edýändigi baradaky soraglar şu günlerde hem wajyplygyna galýar.
«Robokop» franşizasy üç sany doly göwrümli filmden, birnäçe teleserialdan, animasiýa taslamalaryndan, komikslerden we wideooýunlardan ybaratdyr. 2014-nji ýylda Ýuel Kinnamanyň baş keşpde çykyş etmeginde doly göwrümli remeýk hem çykypdy.
Täze serialyň ilkinji görkeziljek senesi häzirçek yglan edilmedi.