Zendeýanyň Kristofer Nolanyň «Odisseýa» filminiň London premýerasynda Schiaparelli-niň köýneginde peýda bolmagy moda öýüne 21,8 million dollar medial gymmatlyk getirdi. Bu barada Launchmetrics habar berýär.
Vogue žurnalynyň ýazmagyna görä, köýnek ilkinji gezek premýera gününde Pariždäki Ýokary moda hepdeliginde görkezildi. Aktrisanyň stilisti Lou Rouç täze kolleksiýa barada öňünden bilipdir, emma Schiaparelli-niň çeperçilik müdiri Daniel Rozberri görkezilişden öň fotosuratlar berip bilmändir. Şol sebäpli Rouç kolleksiýany öz gözi bilen görmek üçin Pariže barypdyr.
«Ähli zat şeýle täze we üýtgeşik görünýärdi welin, meniň garaşmaga-da takadym ýetmedi» –diýip, stilistl düşen ýagdaýyny gürrüň berýär.
Tanyşdyryşdan soň köýnek derrew hususy uçar bilen Londona eltilýär we eýýäm şol gün agşam Zendeýa ony geýip, gyzyl halyçada peýda bolýar.

Filmiň metbugat syýahatynyň dowamynda aktrisa antik heýkelini ýatladýan Pamella Roland-yň köýneginde, Alberta Ferretti-niň arhiw köýneginde, şeýle hem Filip Treýsiniň başgaby bilen Givenchy üçin Aleksandr Makkuiniň 1997-nji ýylyň ýazy kolleksiýasyndaky lybasda çykyş etdi.
Vogue žurnaly stilistiň käbir eşikleri saýlamak üçin birnäçe ýyl sarp edendigini ýazýar. Şolaryň hatarynda Matières Fécales-iň lybasy hem aýratyn üns bermäge mynasypdyr. Rouç ol köýnegi Vogue Runway platformasynda tapyp, haýdan-haý dizaýnerlere: «Zendeýa täze filmde surata düşýär. Hemme zady açyk-aýan aýdyp biljek däl. Ýöne bu köýnegi menň üçin saklaň» diýip ýazypdyr. Olar hem muňa razy bolup, Nýu-Ýorkdaky premýera çenli iki ýyla golaý garaşypdyrlar.