Luwr 2025-nji ýylyň oktýabr aýyndaky ogurlykdan soň ýapylan Apollon galereýasyny görmäge gelenler üçin täzeden açdy. Indi onda gymmat bahaly şaý-sepler we beýleki aýratyn gymmatly predmetler görkezilmeýär.
Ogurlyk mahalynda jenaýatçylar imperator kolleksiýasyndan dokuz sany eksponaty ogurlady, olaryň arasynda imperator Napoleona we onuň aýaly Žozefina degişli bolan zergärçilik önümleri hem bardy.
Luwr muzeýiniň müdiri Kristof Leribo muzeýiň galereýa öz ilkibaşdaky maksadyny gaýtaryp bermek kararyna gelendigini habar berdi.
«Hüjüm edilen iki witrinadan başga beýleki ähli witrinalary sergide goýmagyň deregine, biz Apollon galereýasyna öz ilkibaşdaky wezipesini gaýtaryp bermek kararyna geldik. Biz tutuş giňişligi diwar suratlaryna we heýkel bezeglerine gaýtadan bermek üçin ol ýerdäki kolleksiýalary we gymmatlyklary aýyrýarys» – diýip, ol aýtdy.
Onuň sözlerine görä, jenaýatçylaryň ogurlyk mahalynda el degirmedik şaý-sepleri ýakyn wagtda penjiresiz ammar hökmünde taslanan başga bir zalda sergä çykarylar.

Apollon galereýasynda myhmanlar şaý-sepleri synlaýar. 2023-nji ýyl
Jarry / Tripelon / Gamma-Rapho / Getty Images

Apollon galereýasy ogurlykdan soňky açylan gününde. 2026-njy ýylyň 22-nji iýuly
Lou Benoist / AFP / Scanpix / LETA

Apollon galereýasy 2010-njy ýylda
Archiv Mehrl / ullstein bild / Getty Images

Apollon galereýasy ogurlykdan soňky açylan gününde. 2026-njy ýylyň 22-nji iýuly
Lou Benoist / AFP / Scanpix / LETA