ABŞ 60 ýurda garşy täze gümrük paçlaryny girizdi

24.07.2026, 15:556,917

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy 60 söwda hyzmatdaşyna garşy täze import paçlarynyň girizilýändigini yglan etdi. Täze nyrhlaryň möçberi 10% we 12,5% bolar diýip, CNN habar berýär.

​ABŞ-nyň Söwda ministrliginden täze çäreleriň getirilýän harytlaryň 99,4 göterimine degişlidigini mälim etdiler. Täze paçlaryň sebäbi şol ýurtlaryň «mejbury zähmet arkaly öndürilen harytlaryň importyna bolan gadaganlygy» girizmändigi ýa-da ýeterlik derejede berjaý etmeýändigi bilen düşündirildi.

​12,5 göterimlik nyrh, hususan-da, Hytaýdan, Russiýadan we Türkiýeden getirilýän harytlar üçin bellenildi. Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryndan, Taýwandan, Ýaponiýadan, Günorta Koreýadan we Şweýsariýadan getirilýän önümler üçin paç, öňden hereket edýän söwda tarifleri hem göz öňünde tutulyp, 10% ýa-da 12,5% bolar.

​2025-nji ýylyň ýazynda Donald Trampyň administrasiýasy dünýäniň köp ýurtlaryndan import edilýän harytlara paçlary köpçülikleýin ýokarlandyryp başlapdy. Soňra ABŞ-nyň Ýokary kazyýeti bu çäreleri bikanun hasaplap, olaryň ýatyrylmagyny talap etdi. Kazyýet Prezidentiň Halkara adatdan daşary ykdysady ygtyýarlyklar baradaky kanuna (IEEPA) salgylanyp, paç girizmäge hukugynyň ýokdugy barada karar çykardy.

​Ak tam bolsa, kazyýetiň gadaganlygyny aýlanyp geçmek üçin dessine başga bir kada — 1974-nji ýylyň Söwda baradaky kanunynyň 122-nji bölümi (töleg balansynyň defisiti barada) boýunça herekete geçdi. Şol esasynda 10 göterimlik wagtlaýyn global ýygym hem girizildi.

​Kanuna görä, 122-nji bölüm boýunça çäreler Kongresiň makullamasy bolmazdan 150 güne çenli hereket edip bilýär. Bu kanuny мöhlet hut anna güni, 2026-njy ýylyň 24-nji iýulynda tamamlandy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.