Dubaýyň ýaşaýjylary daşary ýurtly myhmanlary çagyrandyklary üçin sylag alarlar

Düýn, 11:425,008
1 / 2

Dubaýyň Ykdysadyýet we syýahatçylyk departamenti emirlikde ýaşaýanlaryň beýleki ýurtlardan dostlaryny hem-de garyndaşlaryny çagyrandygy üçin baýrak almagyna mümkinçilik berýän maksatnamany ýola goýdy.

Bu başlangyja hereket edýän Emirates ID kartaly, ýaşy 18-den geçen BAE-nyň raýatlary we rezidentleri gatnaşyp bilerler. Munuň üçin çagyrylýan myhmanyň maglumatlaryny ol gelmezden öň hasaba almak gerek. Maksatnama 2026-njy ýylyň 20-nji iýuly bilen 31-nji oktýabry aralygynda syýahatçylyk wizasy ýa-da gelen mahaly wiza almak hukugy bilen howa, deňiz ýa-da awtomobil ulagy arkaly Dubaýa gelýän syýahatçylara degişlidir.

Myhmanyň gelendigi tassyklanandan soň, maksatnama gatnaşyja 72 sagadyň dowamynda baýraklar toplumy bolan elektron hat ugradylar. Ýüklenen her bir bonus toplumynyň bahasy 3 000 dirhemden gowrak (3 000 dirhem — 815 dollar töweregi) diýlip baha berilýär.

Sylagyň göni nagt görnüşde berilmän, eýsem hyzmataşlardan çekler (wauçerler), arzanlaşyklar we ýörite teklipler toplumydygyna düşünmek möhümdir:

  • Myhmanhanalar: Ýaşamak üçin 45%-e çenli arzanladyşlar (meselem, Meliá Desert Palm mihmanhanasynda) we sargyt etmek üçin ýörite şertler.
  • Restoranlar: Meşhur ýerlerde (ULA, Asia Asia, The 305 we başgalar) esasy tagamlar üçin «ikisi biriniň bahasyndan» aksiýalary.
  • Gözleg-güýmenjeler: Aquaventure akwaparkyna, IMG Worlds of Adventure tematik parkyna we beýleki ýerlere mugt petekler.
  • Ulag we ýaşaýyş şertleri: Gitmek-gelmek üçin arzanladyşlar we Careem Plus mugt agzalygy.

Maksatnamada wizalary resmileşdirmek göz öňünde tutulmaýar. Bu çykdajy syýahatçylaryň öz boýnunadyr. Euronews-yň maglumatlaryna görä, maksatnama gatnaşyjylar myhmanhanalarda ýaşamak üçin arzanladyşlardan, seýilgähe mugt peteklerden we restoranlardaky ýörite tekliplerden peýdalanyp bilerler.

Maksatnama tomsuň edil örküjinde Dubaýy syýahatçylyk ugry hökmünde öňe sürmäge gönükdirilendir. Bu wagt emirlikde howanyň temperaturasy +50 derejä ýeteňkirledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.