Ýaponiýanyň mör-möjeklere garşy meşhur «Muhi» serişdesi Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi güwänamasyna eýe boldy. Bu derman mör-möjekleriň awusyndan döreýän gijilewüge garşy niýetlenen, dünýäde lukmanyň görkezmesi bolmazdan satylýan enjamlaýyn markalaryň arasynda iň köp wagtdan bäri satylýan brend hökmünde ykrar edildi.
Bu mynasybetli 25-nji iýulda Toýama şäherinde dabara geçirilip, onda öndüriji kompaniýa rowaýaty brendiň 100 ýyllygyny belledi.
«Muhi-niň» taryhy 1926-njy ýylda Ýaponiýanyň Ikeda Mohando kompaniýasy tarapyndan wazelin esasynda ilkinji çalgy görnüşli ýagyň çykarylyp başlan wagtyndan gözbaş alýar. Ilkibaşda bu serişde ýüpekçilik pudagynyň işgärleri üçin döredilipdir: olara ýüpek gurçuklara zeper ýetirmek howpy sebäpli mör-möjege garşy hiç bir zady ulanmak bolmaýardy. Şol sebäpli olara diňe gijilewügi aýyrjak serişde zerurdy.

Brendiň ady ýapon dilindäki «muhi» sözünden gelip çykyp, ol « deňi-taýy bolmadyk» ýa-da «kämillik» diýen manylary berýär. Serişde tiz meşhurlyga eýe boldy we eýýäm birnäçe ýyldan soň öýkünme galp önümler meselesi bilen ýüzbe-ýüz boldy.
Şu günki günde «Muhi-niň» önüm hataryna ýaglar, kremler, applikatorly suwuk serişdeler we ýelmenýän plastyrlar girýär. Gyzyl-ak reňkli nagyşly we suwuk dermanly kiçijik ak çüýşe ýapon dermanhanalarynyň ählisinde diýen ýaly tapylýan iň tanymal önüme öwrüldi. Şeýle hem bu önümler Gonkonga, Makaoda we Taýwana eksport edilýär.
Kompaniýa brendiň 100 ýyllygyny Toýama şäherinde «Muhi Hyakusai Festival» («Muhi-niň ýüz ýyllyk baýramy») festiwaly bilen belläp geçdi. Çäräniň dowamynda Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekili güwänamany Ikeda Mohandonyň prezidenti Kadzuhiro Ikedä gowşurdy. Ýubileý mynasybetli ýörite çäkli gapdaky önümleri çykarmak we ýerli önüm öndürijiler bilen bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak hem meýilleşdirildi.
Kompaniýanyň prezidenti bu rekordda diňe bir öndürijiniň däl, eýsem bir asyr bäri Muhi-ä ynam bildirýän millionlarça alyjylaryň hem paýynyň bardygyny belledi.
«Muhi–niň» taryhy onlarça häzirki zaman orun tutujylarynyň bardygyna garamazdan, eger derman serişdeleri netijeliligi, elýeterliligi we sarp edijileriň ynamyny özünde jemläp bilse, onda olaryň onlarça ýyllap meşhurlygyny saklap biljekdigini aýdyň görkezýär.