«Gara Babyr» üçünji bölüm bilen gaýdyp gelýär. Film 2028-nji ýylyň dekabrynda çykar

Şu gün, 19:171,059
1 / 3

«Gara Babyr» filmi üçünji bölüm we täze gahryman bilen gaýdyp gelýär. Film 2028-nji ýylyň 15-nji dekabrynda daşary ýurt prokatyna çykar. Bu barada Marvel studiýasynyň San-Diegodaky «Comic-Con» çäresinde geçiren tanyşdyryşyndan belli boldy diýip, «Variety» ýazýar.

Sýužet barada giňişleýin maglumat entek ýok. Ýöne film «Gara Babyr: Wakanda baky» lentasynda tomaşaçylara ilkinji gezek entek çaga wagty görkezilen şazada T’Çalla II-niň kemala gelşi barada gürrüň berer. Baş keşbe Dewid Jonsson («Keseki: Romul», «Uzak gezelenç») alyndy.

Ozalky iki bölümi düşüren Raýan Kugler režissýor hökmünde çykyş eder. Şeýle-de, Şuriniň roluny Letisiýa Raýt, M'Bakuwyň roluny bolsa Winston Dýuk ýerine ýetirer.

Ilkinji «Gara Babyrda» T'Çallany oýnan Çedwik Bouzman 2020-nji ýylda Kugler filmiň dowamynyň üstünde işleýän wagty ýogyn içege ragy sebäpli aradan çykypdy.

«Gara Babyryň» birinji bölümi 2018-nji ýylda çykdy. Ol «Iň gowy film» kategoriýasynda «Oskar» baýragyna hödürlenen ilkinji supergahrymanlyk filmi boldy. Ol jemi ýedi nominasiýada görkezilip, netijede iň gowy egin-eşik dizaýny, iň gowy hudožnik-ýola goýujynyň işi we iň gowy aýdym-saz üçin üç heýkele mynasyp boldy. Dünýä prokatynda film 1,3 mlrd dollar ýygnady.

Filmde kakasynyň ölüminden soň patyşalyk tagtyny eýelemek we halkyň täze goragçysy — Gara Babyr bolmak üçin bütin dünýäden gizlenen Afrika ýurdy Wakanda gaýdyp gelen şazada T’Çalla barada gürrüň berilýär. Filmiň dowamynda patyşa T’Çalla bejerip bolmaýan keselden ýogalýar we Wakanda goragçysyz galýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.