«Oýunjaklaryň taryhy — 5» ýylyň iň girdejili filmi boldy

Şu gün, 15:23257

«Oýunjaklaryň taryhy — 5» animasiýa filmi prokatda rekord görkezijileri gazanyp, 1,022 milliard dollar toplady we ýylyň iň köp kassa ýygymly filmi boldy diýip, Hypebeast neşiri habar berýär.

Amerikan prokatynda film 448 million dollar gazandy, halkara ýygymlary bolsa 573 million dollara ýetdi.

Iki gezek «Oskar» baýragynyň eýesi Endrýu Stenton tarapyndan surata düşürilen multfilmiň ilkinji görkezilişi 2026-njy ýylyň iýun aýynda geçirildi. Bary-ýogy ilkinji dynç günlerinde film 160 million dollar toplady.

Gahrymanlara ses bermäge Tom Henks, Kianu Riwz, Greta Li we başga-da köp sanly meşhur aktýorlar gaýdyp geldi we goşuldy. Şeýle hem, ýörite film üçin «I Knew It, I Knew You» diýen eksklýuziw sazy ýazgy eden Teýlor Swiftiň gatnaşmagy köpçüligiň bu filme bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrdy.

Häzirki ýygymlaryň netijesinde bäşinji bölüm franşizanyň bir milliard dollar çägini aşan üçünji filmi boldy. Mundan ozal meňzeş netijä «Oýunjaklaryň taryhy — 3» ($1,06 mlrd) we «Oýunjaklaryň taryhy — 4» ($1,07 mlrd) ýetipdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.