ABŞ-nyň kazyýeti 75 ýurduň raýatlaryna immigrasiýa wizalaryny gadagan edýän karary ýatyrdy

Düýn, 14:414,776

Nýu-Ýork ştatyndaky federal kazyýet ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň 75 ýurduň raýatlaryna immigrasiýa wizalarynyň berilmegini gadagan edýän kararyny ýatyrdy. Bu barada Reuters agentligi habar berýär.

Döwlet departamenti degişli çäklendirmeleri 2026-njy ýylyň başynda girizipdi. Bu kararyň üstünden adam hukuklaryny goraýjy guramalar, immigrasiýa wizasy üçin ýüz tutan şahslar hem-de gadaganlyga düşen ýurtlardaky garyndaşlaryna hemaýatçylyk edýän amerikan raýatlary şikaýat etdiler.

ABŞ-nyň öňki prezidenti Jo Baýden tarapyndan wezipä bellenilen kazy Žannett Wargas döwlet sekretary Marko Rubionyň öz ygtyýarlyklaryndan çendenaşa peýdalanandygyny hem duýdurdy. Kazynyň bellemegine görä, diňe bir raýatlygy sebäpli wizany bermekden ýüz öwürmek kanunda bellenilen tertibe we kadalara kybap gelmeýär.

Kazyýetiň bu karary ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan immigrasiýa syýasatynyň berkidilmegine garşy nobatdaky uly päsgelçilik boldy. Tramp 2025-nji ýylda Ak tama gaýdyp gelenden soň, onuň administrasiýasy içki howpsuzlygy ýokarlandyrmak zerurlygyna salgylanyp, immigrasiýa çäklendirmeleri yzygiderli güýçlendirmäge başlapdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.