Lotereýada ikilenç utan amerikaly puluny mätäç maşgalalaryň çagalaryna bagyşlady

Düýn, 19:173,220

Demirgazyk Karolina ştatynyň ýaşaýjysy Kristian Breton dessin utuşly lotereýada eýýäm ikinji gezek uly möçberde pul utdy. Ol baýragyň bir bölegini ýaşaýan ýerindäki kömege mätäç maşgalalaryň çagalaryna ýardam bermek üçin harçlamak kararyna geldi. Bu barada Lottery Post neşiri habar berýär.

6-njy awgustda Breton 30 dollara «$100 000 Cash Payday» atly dessin utuşly lotereýa petegini satyn aldy we baş baýragyň — 100 müň dollaryň eýesi boldy. Salgytlar tutulandan soň, oňa 72 müň dollar berildi.

Bu bagty çüwen amerikalynyň eýýäm ikinji uly utuşydyr: 2024-nji ýylyň awgustynda oňa şeýle lotereýada 2 million dollar utmak nesip edipdi.

«Öňki utuşymda ejeme kömek edipdim, indi bolsa jemgyýete peýda getiresim gelýär. Bu gezek men mekdep ýaşly çagalary bolan mätäç maşgalalara goldaw bermekçi» diýip, Breton utuş puluny alan wagty maksadyny mälim etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.