«Iň gowy ýeňişlerimiň biri»: Norris «Formula-1-iň» yzly-yzyna ikinji ýaryşyny utdy

Düýn, 22:57589

McLaren toparynyň britaniýaly sürüjisi Lando Norris Niderlandlaryň Zandwort şäherinde geçirilen «Formula-1» ýaryşynda birinji orny eýeläp, yzly-yzyna ikinji gezek ýeňiş gazandy.

Ikinji we üçünji orunlary, degişlilikde, Mercedes toparynyň wekilleri Andrea Kimi Antonelli we Jorj Rassell eýelediler.

«Ýaryşa başlaýşym hakda aýtsam, şu gün öz ýagdaýymy özüm biraz kynlaşdyrdym — diýip, Norris pellehana ýeteninden soň pikirini paýlaşdy. — Her niçik-de bolsa, bu meniň iň gowy ýeňişlerimiň biri boldy, sebäbi munuň üçin erjellik bilen göreşdim hem-de depgini ýatyrman sürüp bildim».

«Formula-1-iň» dört gezek çempiony Maks Werstappen (Red Bull) birinji aýlawda ýol heläkçiligine uçrap, ýaryşy tamamlap bilmedi.

Şeýle-de Oliwer Berman bilen Estebаn Okon (ikisi hem Haas), Lens Stroll (Aston Martin), Waltteri Bottas (Cadillac) we Aleksander Albon (Williams) pellehana ýetip bilmediler.

Zandwortdaky ýaryşda ilkinji onlukda Lýuis Hemilton (Ferrari, 4-nji orun), Şarl Lekler (Ferrari, 5-nji), Oskar Piastri (McLaren, 6-njy), Liam Loson (Red Bull, 7-nji), Niko Hýulkenberg (Audi, 8-nji), Fernando Alonso (Aston Martin, 9-njy) we Pýer Gasli (Alpine) orun aldylar.

Möwsümiň öňdeligini Antonelli saklap gelýär (242 utuk), ikinji orunda Rassell, üçünji orunda bolsa Hemilton ýerleşýär (ikisiniň hem 183 utugy bar). Konstruktorlaryň kubogynda Mercedes topary öňde barýar (425 utuk).

Indiki ýaryş 6-njy sentýabrda Italiýanyň Monsa şäherinde geçiriler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.