22-nji awgustda Aşgabatda «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu bäsleşik Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak üçin yglan edilen bäsleşigiň çäginde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýär diýip, TDH belleýär.
Jemleýji tapgyr Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde boldy.
Bäsleşikde sazandalar türkmen halk sazlaryny ýerine ýetirmek boýunça, bagşylar bolsa türkmen halk aýdymlaryny aýtmakda bäsleşdi.
Sazandalaryň çykyşyndan soň baýrak gowşurylyş dabarasy geçirildi. Döwlet Baştutanynyň Karary bilen 14 dutarçy bagşy-sazanda ýeňiji diýlip yglan edildi. Olar ýörite diplomlar hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglandy, bäsleşigiň ähli gatnaşyjylaryna bolsa ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Ýeňijiler:
Aşgabat şäheri boýunça:
- Aşgabat şäher Medeniýet müdürliginiň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň dutar mugallymy Şeker Şöhradowna Allagulyýewa;
- Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň telekommunikasiýalar fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Täçmämmet Altymyradowiç Pürmämmedow.
Arkadag şäheri boýunça:
- Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň türkmen milli saz gurallary bölüminiň mugallymy Ýusup Gaýgysyzowiç Baýjykow;
- Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň türkmen milli saz gurallary bölüminiň 3-nji ýyl talyby Didarmuhammet Wepaýew.
Ahal welaýaty boýunça:
- Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Merjen Merdanowna Jumabaýewa;
- Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Yhlas Kakageldiýewiç Samadow.
Balkan welaýaty boýunça:
- Balkan welaýat Medeniýet müdürliginiň Balkanabat şäherindäki 2-nji çagalar sungat mekdebiniň bagşy mugallymy Güljemal Rejepmyradowna Çakanowa;
- Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Öwezgeldi Bayramgeldiýewiç Gutlyýew.
Daşoguz welaýaty boýunça:
- Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Aýperi Begenjowna Artykowa;
- Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň saz sungaty bölüminiň 4-nji ýyl talyby Sahy Nepesowiç Täçmedow.
Lebap welaýaty boýunça:
- Lebap welaýatynyň ýörite sungat mekdebiniň bagşyçylyk sungaty bölüminiň 4-nji ýyl talyby Esen Bagtyýarowiç Atamuradow;
- Lebap welaýat Medeniýet müdürliginiň Döwletli etrabynyň Kerkiçi şäherçesindäki çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Jeýhun Ataniýazowiç Çaryýew.
Mary welaýaty boýunça:
- Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 3-nji çagalar sungat mekdebiniň bagşy mugallymy Oguljennet Bazarmyradowna Hojakowa;
- Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Aýnäzli Maksatmyradowna Rahmanowa.
Ýatladyp geçsek, bäsleşigiň saýlama tapgyrlary Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda geçirildi. Düzgünnama boýunça bäsleşige 18 ýaşdan 35 ýaşa çenli sazandalar gatnaşyp bilýär.