Haier kompaniýasy önümler ýüklenenden soň nahar taýýarlamagyň esasy tapgyrlaryny özbaşdak berjaý edýän «AI Kitchen Genius CR3» atly doly awtonom robot-aşpezi tanyşdyrdy. Täze enjam Pekindäki Bütindünýä robototehnika konferensiýasynda görkezildi.
CR3-iň binýadynda ökde aşpezleriň nahar taýýarlaýan millionlarça ýazgylary boýunça tälim berlen ýöriteleşdirilen emeli aň ulgamy durýar.
Robot naharyň bişirilýän temperaturasyny we wagtyny, goşmaly tagam berijileriň we önümleriň yzygiderliligini hem-de möçberini, et bilen gök önümleriň utgaşygyny özbaşdak kesgitleýär.

Taýýarlamak işine dört erkinlik derejesi bolan mehanizm we iki sany kepgir jogap berýär. Olar aşpezlerden öwrenen hereketlerini gaýtalap, önümleri garyp, gowurýarlar.
Önümler dört bölümli konteýnere ýüklenýär. Robot olary bellenilen yzygiderlilikde goşýar, aýratyn ulgam bolsa tagam berijileriň 8 görnüşine çenli bölüp berýär. Goşundylaryň berlişi we gapagyň işi awtomatlaşdyrylan.

Ýokary temperaturada bişirmek üçin CR3 kuwwaty 3500 Wt bolan gyzdyryjy bilen üpjün edildi. Haier-iň berýän maglumatlaryna görä, ol gaby Maýýar reaksiýasy üçin zerur bolan temperatura çenli tiz gyzdyrýar. Şol täsirleşme sebäpli gowurylýan önümleriň daşy gyzardylýar we özüne çekiji ysy bolýar.
Nahar taýýarlanylandan soň, robot 100°C temperaturadaky buguň kömegi bilen tagam taýýarlanan gabyň içini özbaşdak ýuwýar.
CR3-iň özünde tagamlaryň taýýarlaýyş usullary (reseptler) we dürli ulanyjylar üçin iýmit saýlaýyş ulgamy hem işleýär. Enjamyň bahasy we satylyp başlanjak wagty barada Haier häzirlikçe maglumat bermeýär.