Režissýor Taý Westiň düşüren täze «Ebenezer» filminiň synag görkezilişi geçirildi. Jonni Deppiň baş roly ýerine ýetirmegindäki filmine tomaşaçylar ýokary baha berdiler. Bu barada insaýder Mett Belloni habar berýär.
Film galdyran täsiri babatda 100-den 80 bal gazandy, Deppiň oýnaýşyna bolsa 86 bal rowa gördüler — bu baş keşbi ýerine ýetirýän aktýorlaryň ortaça görkezijisinden ep-esli ýokarydyr.
Belloni şeýle irki görkezişlerde filmleriň adatça 72 bal töweregi alýandygyny, baş keşpdäki aktýorlara bolsa köplenç 67 bal berilýändigini aýdýar.
Deppe aýratynam ýaşy 35-den geçen aýal-gyzlar ýokary baha beren eken.
Bu synag görkezilişiň netijeleri aktýor üçin gowy habar bolup biler. Insaýderiň pikiriçe, «Ebenezer» filminiň üstünligi aktýora Ember Hýord bilen bolan kazyýet dawalaryndan soň, Holliwudyň kino äleminden uzaklaşan döwrüne nokat goýup, ýene iri taslamalara dolanmaga kömek eder diýip çaklaýar.
Ýöne gürrüň bu ýerde diňe synag görkezilişi barada barýandygyny ýatladyp geçeliň. Filmiň soňky wersiýasy ekrana çykmanka ýene üýtgedilibem bilner.
«Ebenezer» filmi Çarlz Dikkensiň meşhur «Roždestwo aýdymy» («A Christmas Carol») powestiniň esasynda düşürildi. Depp bu ýerde baş gahrymanyň — husyt Ebenezer Skrujyň keşbini janlandyrdy.
Depp bilen bilelikde filmde Ien MakKellen, Rupert Grint, Deýzi Ridli, Andrea Raýzboro, Sem Klaflin ýaly meşhur aktýorlar surata düşdi. Paramount bu filmi 13-nji noýabrda kinoteatrlara çykarar.
Jonni Deppiň beýleki bir kinosy — «Karib deňziniň garakçylarynyň» täze bölümi barada hem maglumat berilýär. Belloniniň aýtmagyna görä, Margo Robbi ýazylan ssenariýalaryň «üç-dört wersiýasyny» yzyna gaýtardy, sebäbi olaryň hiç birinden «garaşýany çykmandyr».