«Tagtlaryň oýny» (Game of Thrones) serialyndaky Jon Snouwyň roly bilen tanalýan Kit Harington «Harri Potter» serialynyň ikinji möwsüminde gara güýçlerden goranmak mugallymy Zerboş Burmanyň (Gilderoy Lockhart) keşbini ýerine ýetirer. Bu barada «Deadline» neşiri ýazýar.
Ilkibaşda bu mugallymyň roluna Nikolas Holt bellenipdi, ýöne aktýor gatnaşmaly taslamalarynyň känligi sebäpli serialda oýnamakdan ýüz öwürdi.
Kit Harington üçin bu ýat gahryman däl: ozal ol Harri Potter baradaky ýedi kitabyň ählisiniň sesli görnüşi bolan «Harry Potter: The Full-Cast Audio Editions» taslamasynda Burma ses beripdi.
Serialyň ilkinji möwsümi 2026-njy ýylyň 25-nji dekabrynda HBO kanalynda we HBO Max striming platformasynda görkeziler. «Harri Potter we jadygöýiň daşy» diýlip atlandyrylan birinji möwsüm sekiz bölümden ybarat bolar. Baş keşbi Dominik Maklaflin ýerine ýetirer.
Maý aýynda serial ikinji möwsüme uzaldyldy. Ol ikinji kitap — «Harri Potter we Gizlin otag» esasynda düşüriler. Ony şu güýzde düşürip başlarlar.