Nýu-Ýorkda beýikligi 102 metre ýetýän täze tussaghananyň gurluşygy başlandy. Eger bina häzirki taslama laýyklykda gurulsa, ol dünýäde şeýle maksatly binalaryň arasynda iň beýigi bolar.
Binanyň taslamasy HOK binagärlik býurosy tarapyndan taýýarlanyldy. Ol The Tombs (Aramgähler) ady bilen bilinýän Manhetten deslapky derňew tussaghanasynyň öňki ýerinde, White street, 125 salgysynda ýerleşer. Köne toplumy 2024-nji ýylda ýykypdyrlar.
Soňky gelnen netijä görä, bina 13 gatly bolar we onuň beýikligi edil gapdalynda ýerleşýän Nýu-Ýork etrap kazyýet edarasynyň jaýy bilen deňleşer. Adaty bolmadyk belentligi sebäpli bu taslamany eýýäm köp kişi «gökdirän türme» diýip atlandyrýar.

Toplum iki esasy bölege bölüner. Düýbünde olaryň arasyndan geçmäge mümkinçilik berýän pyýada geçelge göz öňüne tutular. Binanyň fasady tolkun şekilli we gyzylymtyl torjumak örtükli paneller bilen örtüler.
Binanyň orta bölegi iki gatly gorag tory bilen gurşalar. Bu gatlar tussag edilenler üçin synlaýyş meýdançasy we dynç alyş zaly hökmünde hyzmat eder.

Tussaglaryň saklanylýan otaglary (kameralar) ýokarky gatlarda ýerleşdiriler. Birinji gatda jemgyýetçilik foýesi, köpçülik we söwda maksatly jaýlar, şeýle hem işgärler üçin aýratyn girelge bolar.
Binanyň aşagynda Nýu-Ýorkyň Polisiýa departamentiniň we Düzediş edaralar müdiriýetiniň işgärleri üçin awtoulag duralgasy ýerleşer.
Täze tussaghana 1040 adama niýetlenilýär.
Häzirki wagtda meýdançada inženerçilik kommunikasiýalary çekilýär we deslapky toprak çykaryş işleri alnyp barylýar. Gurluşygy 2032-nji ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär.