Köp adam üçin smartfonyň çalşyp bolmaýan şahsy enjama öwrülenine esli wagt boldy, ýöne smartfonlaryň özleri welin, köplenç, çalşaýanyňda-da öwrenişmesi aňsat, bir-birine juda meňzeş dizaýnda çykarylýar (ine, görnetin mysal). Şonuň üçin soňky wagtlarda öndürijiler enjamlaryň görnüşi we dolandyrylyşy bilen hem her hili tejribe geçirip başladylar.
Biz bu makalada ilki bilen enjamyň dizaýnyna we özboluşly ulanyş usulyna üns berlip döredilen bäş sany täsin modeli topladyk.
Nokia 200, 210, 215 we 235 4G

HMD kompaniýasy öňki ýyllaryň modelleriniň keşbinde Nokia brendiniň düwmeli telefonlarynyň dördüsini hödürledi. Olar döwrebap smartfonyň mümkinçiliklerine mätäçligi bolmadyk, ýöne käbir wajyp we döwrüň talabyna laýyk gelýän funksiýalardan peýdalanjak adamlar üçin niýetlenen.
Klawiaturanyň merkezinde emeli aňy işledýän ullakan düwme ýerleşdirilen. Ol sesli işleýär we Sikey AI kompaniýasynyň tehnologiýasyna esaslanýan çat-boty çagyrýar.
Infinix Note 60 Ultra by Pininfarina

Infinix brendi Note 60 Ultra modelini döretmek üçin, ilki bilen, awtoulag dizaýny arkaly tanalýan Italiýanyň Pininfarina studiýasy bilen birleşdi. Bu studiýanyň kompaniýa üçin işläp düzen ilkinji telefonydyr.
Smartfonyň daş keşbi ýyndam tizlikli awtomobillere öýkünýär. Dizaýnerler onuň ýüzi has ýylmanak görünmegi üçin kameranyň çykyp duran bölegini mümkingadar kiçeltmäge çalşypdyrlar.
Clicks Communicator

Clicks Communicator esasan aragatnaşyk üçin döredilipdir. Korpusyň aşaky böleginde hakyky, ýumşajyk düwmelere barmagy bilen basmagy halaýanlar üçin fiziki QWERTY-klawiatura ýerleşýär.
Habarlar, elektron hatlar göni baş ekrana çykýar. Telefonda jaň edip, programmalary hem işledip bolýar, ýöne modeliň esasy ideýasy — beýleki funksiýalara üns gidirmän, tiz hat alyşmak.
Light Flip

Light Flip nusgawy «eplenýän» bloknot formaty gaýtaryp getirdi. Telefon 6 dürli reňkde çykarylýar we ýörite ýeňilleşdirilen LightOS operasiýa ulgamynda işleýär.

Öndüriji bu enjamdan mümkin boldugyça az ulanmagy maslahat berýär. Şol sebäpli esasy üns jaňlara berlipdir. Onda sosial torlar, oýunlar we ünsi sowýan beýleki funksiýalar ýok.
Honor Robot Phone

Honor Robot Phone modeli robot-el bilen üpjün edildi, onda 200 Mp durulygyndaky sensorly asma kamera oturdylan. Bu gurluş kamera dikligine we keseligine süýşmäge, surata düşürilen wagty gymyldysyz durmaga mümkinçilik berýär.
Honor kompaniýasynyň niýetine görä, robot-el diňe bir ýokary hilli wideo almak üçin zerur gural bolman, eýsem ol telefon bilen has «adamkärçilikli», janly gatnaşyk saklamagyň esasyna öwrülmeli. Kompaniýa bu gurluşy emeli aňyň täze mümkinçilikleriniň ösüşi bilen hem baglanyşdyrýar.