«Möý adam: Düýbünden täze gün» taryhda iň köp girdeji getiren filmleriň üçlügine girdi

Şu gün, 13:481,854

Sony we Marvel kompaniýalarynyň bilelikde öndüren «Möý adam: Düýbünden täze gün» (Spider-Man: Brand New Day) kinokomiksi dünýä prokatynda haýran galdyryjy netijeleri görkezýär. Bir aý ozal çykan film 2,334 milliard dollar toplap, kino sungatynyň taryhynda iň köp girdeji getiren filmleriň sanawynda üçünji orny eýeledi.

Tom Hollandyň baş roly ýerine ýetirmegindäki film girdejileri boýunça «Titanik», «Awatar: Suwuň ýoly» filmlerinden we «Neçža аşdarhalar şasyny ýeňýär» hytaý multfilminden öňe geçdi. Reýtingde täze «Möý adamdan» öňde diňe ilkinji «Awatar» ($2,924 mlrd) bilen «Ar alyjylar: Final» ($2,8 mlrd) bar. Ikinji orna geçmek üçin filme ýene, takmynan, 465 million dollar gazanmak gerek.

Mundan başga-da, film ABŞ-nyň içerki bazarynda kassa ýygymy boýunça ikinji orny eýeledi. Ol ýerli prokatda 893,7 million dollar ýygnap, «Ar alyjylar: Final» filminden ($858,3 mln) öňe geçdi. Birinji orny «Ýyldyz söweşleri: Güýjüň oýanmagy» filmi (Star Wars: The Force Awakens, $936,6 mln) eýeleýär.

Analitikler Piter Parker baradaky täze filmiň içerki prokatda 1 milliard dollar çäginden geçjek ilkinji film bolmak mümkinçiliginiň bardygyny çaklaýar. Häzir film halkara bazarlarda 1,441 milliard dollar gazandy. 

Mundan ozal filmiň 2 milliard dollarlyk çägi iň çalt geçen ikinji film bolandygy habar berildi. Bu görkeziji boýunça ol diňe «Ar alyjylar: Finaldan» yza galýar. Ilkinji dynç günlerinde «Möý adam: Düýbünden täze gün» bütin dünýä boýunça 927 million dollar toplady, 1 milliard dollardan bolsa bary-ýogy alty gün prokatyň dowamynda geçdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.