Tiffany & Co brendiniň dükanyny ullakan örme «gapyrjaga» öwürdiler

Şu gün, 16:021,254
1 / 8

San-Paulu şäherindäki JK Iguatemi söwda merkezinde Tiffany & Co brendiniň adaty bolmadyk dükany açyldy. Braziliýanyň Estúdio Campana studiýasy bu dükany brende mahsus pöwrize reňkindäki uly örme gapyrjak görnüşine getirdi.​

Wagtlaýyn dükan söwda merkeziniň birinji gatynda ýerleşýär. Onuň öňi uzaboýuna çybykdan örülen şekilli material bilen örtülen. Çalymtyl reňkli daşyň ýüzünde bolsa Tiffany & Co brendiniň nyşany şöhle saçyp dur.

​Edil şuňa meňzeş bezeg dükanyň arka tarapyndaky maslahat berilýän bölümde hem ulanylypdyr. Dükandaky kürsilerden başlap, aýnalaryň çarçuwasyna çenli pöwrize reňkde ýasalypdyr.

Tiffany & Co zergärçilik önümleri metal düýpli aýna witrinalarda görkezilýär. Gögümtil reňkiň has göze ilip durmagy üçin beýleki ýerler ýörite açyk öwüşginli reňklerde işlenipdir.

​Estúdio Campana bu taslama üçin özüniň Sushi kolleksiýasyndan bir kürsi we iki aýna, şeýle hem sintetik örme materialdan taýýarlanan birnäçe oturgyçlary ulandy. Öň tarapdaky bezegleriň käbiri elde örüldi.

Bu taslama studiýa bilen Tiffany & Co brendiniň birinji hyzmatdaşlygy däl. Geçen ýyl Estúdio Campana brendiň San-Pauludaky başga bir Iguatemi söwda merkezinde ýerleşýän esasy dükanyny hem bezäpdi.

​«Geçen ýyl Iguatemi-däki dükanyň bezeginiň şowly çykmagy, bizde ozalky meýilnamany has başgaça şekilde — müşderiler içine girip, brendiň erteki ýaly dünýäsine siňip biljek örme gapyrjak görnüşinde täzeden göz öňüne getirmäge mümkinçilik döretdi» diýip, Umberto Kampana gürrüň berýär.

Studiýany doganlar Umberto we Fernando Kampanalar esaslandyrdy. Fernando 2022-nji ýylda aradan çykdy.

Doganlaryň bilelikde döreden meşhur taslamalarynyň arasynda başly-barat örülen gyzyl ýüplerden ýasalan meşhur Vermelha we agaç galyndylaryndan ýygnalan Favela kürsileri, ýumşak oýunjaklardan taýýarlanan Banquete mebeller toplumy we Louis Vuitton üçin döredilen futuristik Objets Nomades kolleksiýasy bar. Doganlaryň işleri Pompidu merkeziniň (Pariž), MoMA (Nýu-Ýork), Witra dizaýn muzeýiniň (Waýl-na-Reýn) we beýleki esasy sungat institutlarynyň hemişelik ekspozisiýalaryna girizildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.