Türkmenistanda ýol howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen bir aýlyk başlar

Düýn, 16:206,360

1-nji sentýabrdan başlap, Türkmenistanyň ähli ýerlerinde ýollarda howpsuzlygy üpjün etmek boýunça bir aýlyk başlanar. Şeýle çäre eýýäm on ikinji gezek badalga alar.

Bu ýyl çäre «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» şygary astynda geçirilýär.

Bir aýlygyň çäginde ministrlikler we degişli edaralar sürüjiler hem-de pyýadalar üçin mowzuklaýyn maslahatlary gurar. Okuw jaýlarynda, kärhanalarda we guramalarda polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ýol hereketine gatnaşyjylaryň umumy howpsuzlykda şahsy jogapkärçiligine düşünmegine we olaryň hukuk sowatlylygyny artdyrmaga gönükdirilen bilim, wagyz-nesihat çäreleri we öwüt-ündew häsiýetli duşuşyklar geçiriler.

Täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen mekdeplere, çagalar baglaryna we ýokary okuw mekdeplerine ýanaşyk ýerlerde ýol gözegçilik gullugynyň hünärmenleri we nobatçy eko-welosipedli toparlar tarapyndan gözegçilik güýçlendiriler. Şeýle hem köp gatnawly köçelerde we şaýollarda ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegine aýratyn üns berler.

Guramaçylar ýollardaky tertip-düzgüni üpjün etmegiň ýurduň degişli kanuny bilen kadalaşdyrylýandygyny, düzgün bozanlara bolsa Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodekse laýyklykda jogapkärçilik çäreleriniň görülýändigini ýatladýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.