Teatrlar gapysyny açýar: «Ömür daragtyndan» «Söýgi duralgasyna» çenli..

Düýn, 22:051,200
1 / 2

29-njy awgustdan Türkmenistanyň öňdebaryjy teatrlarynda 2026–2027-nji ýyllaryň täze möwsümi başlanar. Döredijilik toparlary täze oýunlary taýýarlaýança, ilkinji günlerde tomaşaçylara eýýäm tanyş bolan sahnalar görkeziler.

Ilkinji sahna oýunlarynyň tertibi:

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry

  • 29-njy awgust — «Ömür daragty», sagat 19:00;
  • 30-njy awgust — «Ak at», sagat 19:00.

Alp Arslan adyndaky Milli drama teatry

  • 29-njy awgust — «Söýgi duralgasy», sagat 19:00;
  • 30-njy awgust — «Gyzyl alma», sagat 19:00.


A. S. Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry

  • 29-njy awgust — «Дюймовочка», sagat 12:00;
  • 29-njy awgust — «Мать», sagat 19:00;
  • 30-njy awgust — «Три поросёнка и серый волк», sagat 11:00 we 13:00;
  • 30-njy awgust — «Счастье туркмен», sagat 19:00.

Türkmen döwlet gurjak teatry

  • 29-njy awgust — «Asmandan inen ykbal», sagat 17:00;
  • 30-njy awgust — «Asmandan inen ykbal», sagat 19:00.

Teatr maksatnamasynda üýtgeşmeleriň bolmagy mümkin. Şol sebäpli oýunlara barmazdan öň kassalardan häzirki tertibi anyklamak maslahat berilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.