«Tatar gyzy» halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyry 2026-njy ýylyň 7–8-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler. Ol GDA ýurtlarynyň sammiti bilen bir wagta gabat geler. Bu barada «Tatar-informda» geçirilen metbugat maslahatynda Bütindünýä tatar kongresiniň ýörite taslamalar bilen işlemek boýunça komitetiniň ýolbaşçysy Almaz Haliullin habar berdi.
Haliulliniň aýtmagyna görä, jemleýji tapgyryň senesi Arkalaşyga girýän döwletleriň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek GDA-nyň sammiti nazara alnyp kesgitlendi. Finalyň bu çäre bilen gabat gelmegi guramaçylardan aýratyn taýýarlygy talap edýär, şol sebäpli oňa has çuňňur çemeleşilýär.
Jemleýji tapgyr bäsleşigiň taryhynda iň giň gerimli çäreleriň birine öwrüler. Gatnaşyjylary sylaglamak dabarasy hem Awazada geçer.
Bäsleşigiň müdirliginiň ýolbaşçysy gatnaşyjylara baha bermekde esasy ölçegiň hoşniýetlilik hem-de tebigylyk boljakdygyny nygtady. Onuň aýtmagyna görä, käbir gyzlar bäsleşigiň dowamyna özüni has akgöwünli hem işeňňir görkezmäge çalyşýar, bu bolsa ýasamalyga getirýär. Guramaçylar gyzlara diňe bir sahnadaky çykyşlary boýunça däl, eýsem, taýýarlyk döwründe we bäsleşikden daşgary özüni alyp barşy boýunça hem baha berer.