Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe Gazagystanyň Gurultaý saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli gutlaglaryny ýollady. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany öz hatynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň we bu möhüm syýasy wakanyň ähmiýetini belledi:
«Siziň alyp barýan döwlet syýasatyňyzyň netijesinde häzirki wagtda Gazagystanyň doganlyk halkynyň uzak möhletleýin abadançylygy üçin berk esas boljak düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Bu babatda giň halk goldawyna eýe bolan ilkinji Gurultaý saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi, döwlet häkimiýeti we dolandyryşy ulgamynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen üýtgetmeleriň durmuşa geçirilmeginde möhüm ädimdir».
Serdar Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri, Gazagystanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
Ýatlap geçsek, 23-nji awgustda Gazagystanyň täze bir palataly parlamenti bolan Gurultaýyň ilkinji saýlawlary geçirildi. Onda «Adilet» partiýasy sesleriň 71,17%-ini gazandy.