ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy dowam edýän immigrasiýa kampaniýasynyň çäginde immigrasiýa wizalary boýunça arzalara seretmegi wagtlaýyn togtatdy. Bu barada Döwlet departamentiniň wekiline salgylanyp, Reuters ýazýar.
Wekiliň aýtmagyna görä, sişenbe güni ABŞ dünýädäki ähli ilçihanalarynda we konsullyklarynda global okuw çäresine badalga berdi, şol sebäpli wiza hyzmatlaryna ýazylmak şol okuwlar gutarýança mümkin bolmaz, öňki bellenilen seneler bolsa yza süýşüriler.
«Reuters-iň» bellemegine görä, Tramp wizalary we grin-kartlary ýatyrmagy, şeýle hem syýasy garaýyşlar we beýleki birnäçe sebäpler boýunça arzalary ret etmegi öz içine alýan deportasiýa we immigrasiýa syýasatyny berkitmek boýunça agressiw kampaniýa geçirýär. Onuň pikiriçe, bu çäreler içerki howpsuzlygy gowulandyrmaga gönükdirilendir.
25-nji awgustda «Associated Press» gullugy ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň resminamalaryna we amerikan resmi wekillerine salgylanyp, Trampyň administrasiýasynyň ýurduň taryhynda wizalary yzyna ýygnamak boýunça iň uly çärä taýýarlanýandygyny, munuň bolsa gaçybatalga soran 200 müň töweregi daşary ýurt raýatyna degişli bolup biljekdigini ýazypdy.
Geljek hepdelerde Döwlet departamentiniň 2016-njy ýyldan 2026-njy ýyl aralygynda berlen B1 iş wizalaryny we B2 syýahatçylyk wizalaryny ozal ABŞ-da gaçybatalga soran ýa-da häzir soraýan daşary ýurtlulardan yzyna ýygnamagyna garaşylýar.