Ridli Skott «Keseki: Wesýet» filminiň dowamyny surata düşürer

28.08.2026, 13:323,564
1 / 2

Ridli Skott 2017-nji ýylda surata düşürilen «Keseki: Wesýet» filminiň dowamynyň üstünde işleýär. Britaniýaly režissýor bu barada Los Angeles Times gazetine beren interwýusynda gürrüň berdi.

Filmiň ilkinji görkeziljek wagty entek belli däl.

Geljekki filmde ýene-de android Dewid barada gürrüň berler, onuň keşbini Maýkl Fassbender janlandyrar. Skottyň aýtmagyna görä, filmiň başynda gahryman öz göz öňüne getirişindäki «ajap täze dünýäsini» döretmäge synanyşar.

Şeýle hem, režissýor gözegçilikden çykan emeli aň temasy hakda kän oýlanýandygyny belledi.

«Keseki: Wesýet» filmi «Prometeýiň» (2012) dowamy bolup, ol hem öz gezeginde 1979-njy ýylda çykan asyl «Keseki» filminiň prikweli boldy. 

«Prometeý» we «Wesýet» filmlerinde görkezilen wakalaryň dowamy çykmady, ýöne umuman «Keseki» älemi gitdigiçe parallel taslamalar bilen giňelip barýar Häzir «Keseki: Romul» filminiň dowamy we «Keseki: Ýer» serialynyň ikinji möwsümi surata düşürilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.