RHINOSHIELD kompaniýasy AirX daşlygy (çehol) geýdirilen iPhone 17 Pro-ny 30 607 metr beýiklikden gaçyryp gördi, smartfon şondan soň hem işlemegini dowam etdirdi.
Synag Şwesiýadaky Esrange kosmos merkezinde geçirildi. Kompaniýa daşlykdaky mobil telefonyň tebigy ýerüsti giňişligine iň uly belentlikden gaçyş boýunça Ginnesiň rekordyny goýdy.
Synaga Sent Into Space britan aerokosmos kompaniýasy bilen bilelikde bir ýyl çemesi taýýarlyk görüldi. Beýiklik aerostaty köpçülikleýin öndürilen AirX daşlygyndaky smartfony 30,6 km beýiklige göterdi, şondan soň uzakdan dolandyrylýan mehanizm enjamy sypdyrdy. Beýiklikden taşlanan iPhone ýere 25 minut töweregi soň düşdi.

Smartfon we daşlyk üçin goşmaça gorag ýa-da gyzdyryş ulgamy ulanylmady. Beýiklikde temperatura takmynan −40-dan −60 °C çenli, atmosfera basyşy bolsa deňiz derejesiniň takmynan 1%-i töweregi boldy.
Ýere gaçanyndan soň enjamy GPS arkaly tapyp, gözden geçirdiler. RHINOSHIELD-de aýtmaklaryna görä, korpus bitin galypdyr, smartfony ýakyp-öçürip bolýar, jaň edip we surata düşürip bolýar. Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekili wideoýazgylary, gatnaşyjylaryň şaýatlyklaryny we enjamyň ýagdaýyny öwrenenden soň, netijäni rekord hökmünde ykrar etdi.
AirX daşlygy urgynyň energiýasyny paýlaýan howa boşluklary bolan köp gatlakly amortizasiýa ulgamyny ulanýar. Şeýle-de kompaniýa daşlygyň bir görnüşli materialdan ýasalandygyny we doly gaýtadan işlenip bilinjekdigini mälim edýär.
Muňa garamazdan, bu synag islendik iPhone-yň şeýle daşlykda uly beýiklikden gaçyp, hökman abat galjakdygyny aňlatmaýar. Netijä çakyşma tizligi, aerodinamika, smartfonyň gaçyp barýan wagtyndaky aýlanyşy we gaçýan ýeriniň üsti täsir edýär.