Arheologlar Germaniýanyň Halberştadt şäheriniň gündogarynda gowy saklanyp galan orta asyr obasyny tapdylar. Tapyndylardan çen tutsaň, adamlar bu ýeri howlukman, tertipli hem guramaçylykly ýagdaýda terk edipdir.
Mart aýyndan bäri bu ýerde gazuw-agtaryş işlerini geçirýän arheologlar ýeriň astynda jaýlary, händekleri, guýulary hem-de azyk ýa-da beýleki zatlary saklamaga niýetlelenen çukurlary tapypdyr. Şeýle-de bolsa, adatça howlukaç gidilende galdyrylýan ýekeje-de şahsy zat ýok diýen ýaly. Diňe birnäçe keramika bölegi, bürünç gyrandy, tokalary we dürli turba bölekleri tapyldy.
Obada ýangyn ýa-da weýrançylyk yzlarynyň bolmazlygy hem üns çekýär. Bu ýaşaýjylaryň çozup gelen ýagydan ýa-da başga bir betbagtçylykdan gaçmandygyny, iň zerur zatlaryny ýanlary bilen alyp, obany arkaýynçylykda terk edendigini görkezýär.

Obanyň gowy meýilleşdirilip gurlandygy bildirýär. Jaýlar küren bolup, hatar gurap oturan eken. Ýer aýry-aýry zolaklara bölünen. Jaýlaryň täzelenendigini göz öňüne tutsaň, bu ýerde adamlaryň azyndan iki döwürde ornaşyp ýaşandygyny görse bolýar: köne binalaryň ýerine täzeleri gurlup, händekler ikilenç gazylyp, giňeldilipdir.
Alymlar tapylan obanyň gadymy kartalarda we XIX asyryň resminamalarynda agzalýan ýitip giden Kýulingen obasy bolmagynyň mümkindigini çaklaýarlar. Bu obanyň ozal bolandygyny ýazuw çeşmeleri we 2022-nji ýylda geçirilen ylmy barlaglar hem görkezýär.
Obanyň näme sebäpden terk edilendigi häzirlikçe syr bolup galýar. XIV–XV asyrlarda sebitdäki köp obanyň ýaşaýjylary tebigy hadysalar, epidemiýalar, ykdysady kynçylyklar ýa-da has uly ilatly ýerlere göçmek maksady bilen mesgen tutunan ýerini taşlap gidýärdi. Emma Kýulingen obasyna bu sebäpleriň haýsysyny ýanap boljagyny görkezýän subutnama häzirlikçe ýok.

Arheologlar ilatyň obany haçan terk edendigini anyklamak üçin bu ýerden tapylan haýwan galyndylarynyň ýaşyny kesgitlemegi meýilleşdirýär. Bu barlag obanyň ýitip gitmeginiň Garsyň demirgazyk bölegindäki obalaryň umumy boşap galmagy bilen baglanyşyklymy ýa-da başga sebäplere görä gugaryp galypmy — düşünmäge kömek eder.