Altaýa ekspedisiýa tamamlandy: etnograflara nämeleri anyklamak başartdy?

Düýn, 12:553,227
1 / 11

Altaý ülkesinde «Uly Altaý: türki miras 2026» halkara etnografik ekspedisiýasy tamamlandy. Onuň gatnaşyjylary on günüň dowamynda sebitiň ýerli halklarynyň durmuşyny we däp-dessurlaryny öwrendi. Ekspedisiýa Russiýadan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan alymlar gatnaşdy.

Türkmen etnograflary meýdan barlaglarynyň dowamynda kumandinleriň, çelkanlaryň, tubalarlaryň we altaýlylaryň medeniýeti bilen türkmenleriň milli mirasynyň arasynda köp meňzeşlikleriň bardygyna göz ýetirdiler.

Biýsk şäherinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň wekili Aýna Baýmyradowa kumandin jemgyýeti bilen dil we medeni ýakynlygyň bardygyny belledi:

«Kumandinlerde biziň dilimizdäki sözlere meňzeş sözler örän köp, sebäbi biziň türki diller bilen umumy köklerimiz bar. Aýdymlarymyzyň, ynançlarymyzyň we däp-dessurlarymyzyň nähili ýakyndygy haýran galdyrýar. Ýaşulular bize köp gyzykly maglumatlary gürrüň berdiler».

Ekspedisiýa gatnaşyjylara oda sežde etmek bilen bagly milli dessur görkezildi, milli tagamlar we talhanyň taýýarlanyş usuly bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem barlagçylar ýerli senetçiligi öwrendi. Ust-Kanda Baýmyradowa keçe basmak tärlerine we nagyşlaryň meňzeşligine ünsi çekdi:

«Türkmenistanda keçe basmagyň usuly we nagyşlary altaý nusgalaryna örän meňzeýär. Her bir nagyş çuňňur many berýär. Ol öýüň goragynyň we abadançylygyň nyşanydyr. Hususan-da, biz goçak nagşyna – dag goçunyň şahlarynyň şekiline gabat geldik. Arhar türki halklaryň totemleriniň biri bolupdyr. Şonuň üçin bu şekil altaýlylarda-da keçe önümlerinde, keşdelerde, hatda binagärlik bezeglerinde hem duş gelýär».

Ekspedisiýa döwründe alymlar 2000 km töweregi ýol geçip, 10 sany ilatly ýere bardy. Toplanan maglumatlary — ses ýazgylaryny, suratlary we ýol ýazgylaryny bilelikdäki monografiýalar we täze halkara ylmy taslamalar üçin peýdalanmak meýilleşdirilýär.

Ylmy baglanyşyklary berkitmegiň nyşany hökmünde ekspedisiýanyň guramaçylaryna «Türkmen keçesi» kitaby gowşuryldy, Magtymguly adyndaky TDU-nyň mugallymy Toýly Hommyýew bolsa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny sowgat etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.